Mar 01, 2019 22:25 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Amerika ýadro ylalaşygyndan gowy ylalaşyga ýetmez

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif Amerika bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda geçirlen gepleşikleriň şowsuzlyga uçranlygyna yşarat edip Amerika ýadro ylalaşygyndan gowy ylalaşyga ýetip başarmaz diýdi.

şu gün Muhammet jawad zarif twitter sahypasynda Amerikanyň prezidenti Donald Tram jilweli çykyşlaryň, surata düşmek üçin döredilýän pursatlaryň we syýasatyň birdenkä üýtgedilmeginiň çynlakaý diplomatiýa bilen parh edýänligini düşünmelidi diýip ýazdy.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif 150 sahypadan ybarat bolan ýadro ylalaşygynyň sözleriniň ýekän-ýekäniniň üstünde mezende 12 ýyl oýlanyldy we müňlerçe sagat gepleşikler geçirildi diýmek bilen Donald Tramp hiç haçan bu ylalaşykdan gowy ylalaşyga ýetip başarmaz diýip nygtady.

Tags