May 24, 2019 17:59 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Tramp ne Eýranlylary tanaýandyr nede taryh barada bilýändir

Eýranyň daşary işler ministri Amerikanyň prezidentiniň Eýran barada dile getiren ýaramaz sözleri onuň taryh barada hiç zat bilmeýändigini hatda Eýran milletini tanamaýandygyny görkezýändir diýip beýan etdi.

Pakistan saparynda bolýan Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün Irna habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýran milletini terrorçy tanatmakda Donald Trampyň dile getiren ýaramaz sözleriniň gaýtawulynda eger bir adam terrorçy bolsa ol ykdysady terrorizmi ýola goýan Trampyň hut özidir diýip nygtady.

Eýran Aziýanyň günbatarynda terrorizme garşy göreşiň öň hatarynda hereket edýändir we Eýranyň terrorizme garşy göreşde Yrak we Siriýa milletlerine ýetiren hemaýatlary olaryň gadyrdanlygyny yzyna tirkändir we bu hakykaty bolsa hemmeler ykrar edýändirler diýip Zarif aýtdy.

Tags