Musawi:Eýran sebit ýurtlaryň milli häkimiýetlerine el gatylmagyna garşydyr
(last modified Sun, 10 Nov 2019 12:19:27 GMT )
Nov 10, 2019 17:19 Asia/Ashgabat
  • Musawi:Eýran sebit ýurtlaryň milli häkimiýetlerine el gatylmagyna garşydyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Eýranyň sebit ýurtlaryň milli garaşsyzlyklaryna el gatylmagyna garşydygyny aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi şu gün içeri we daşary ýurt habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Türkiýäniň prezidenti Ärduganyň bu ýurduň Siriýanyň demirgazygyna hüjüm etmekden soň Eýranyň bu baradaky pozisiýasyna Ankaranyň nägiledigi hakynda aýdan gürrüňleriniň üstünde durup Eýran sebit ýurtlary aýratynda dost ýurtlary bilen saklaýan aragatnaşyklary öz ýerinde hormata laýykdyr onsoňda Eýranyň durmuşda Türkiýe bilen saklaýan aragatnaşyklary hergiz häzirki derejede ösen däldir şondan gelende Tehran sebit ýurtlaryň milli häkimiýetine hormat goýmakda özüniň usully boluşyndan yza çekilmez diýip beýan etdi.

Musawi şeýle-de Yragyň bulagayçylyklarynyň Eýrana ýaýramak ähtimaly barada Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärduganyň aýdan gürrüňleri barada berilen soragyň jogabynda Ärduganyň bu duýduryşy öz ýerinde dogry bolup biler we gowysy sebit ýurtlaryň hemmesi bu mesele barada hüşgär bolsynlar diýip beýan etdi.

Musawi şeýle-de Yragyň soňky protestleri we onuň sebitde galdyryp biljek täsirleri barada berilen soragyň jogabynda Tehran Yragyň içeri işlerine goşulýan däldir emma käler bu ýurduň soňky protestlerinden öz nepleri ugurynda haýyrlanmagyň yzyndadyrlar diýip belläp geçdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili şeýle-de daşary işler ministrniň orunbasary Seýed Abbas Aragçiň Moskwanyň howpsuzlyk maslahatynda Eýranyň ýadrolyk doktrinasynyň üýtgemek ähtimali barada we Ýewropalylaryň hem gadaganlyklaryň dikeltmek ähtimalyndan eden gürrüňleri barada berilen soraga jogap berip Ýewropalylaryň bu işi etmäge haklary ýokdyr elbetde olar bu işi edip hem bilmezler Eýranyň ýadro ylalaşygyndaky jogapkärçiliklerini azaltmagy bu ylalaşygyň 26-nji we 36-nji bentlerine laýyklykda ýerine ýetendir we bikanun iş däldir diýip nygtady.

Eýran özüniň jogapkärçiliklerini azaltmakda 4-nji ädimini äden bolsada emma diplomatiýanyň gapylary heniz hem açykdyr diýip Musawi sözlerine goşdy.