Dec 10, 2017 22:04 Asia/Ashgabat
  • Burujerdi:Kudus Palestinanyň tarpyldap duran ýüregidir.

Eýran mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Alaeddin Burujerdi Kudus şäherini Palestinanyň tarpyldap duran ýüregi hasaplap bu şäheri Sionist režiminiň paýtagty höküminde ygrar etmegi baradaky Amerikanyň prezidentiniň tutan tutumy BMG_niň karar hatlarynyň tersinedir diýdi.

şu gün Eýran mejlisiniň milli howpsyzlyk we daşary syýasat komisiýasynyň başlygy Alaeddin Burujerdi Tehranda Palestinanyň Hemas hereketiniň wekili Halid Gudumi bilen geçiren duşuşygynda Palestinanyň Yslam dünýäsiniň iň möhüm meselesidigini aýdyp Eýran Yslam Respublikasynyň syýasaty mydama Palestina milletine goldaw bermek we basyp alynan ülkeleriň azat edilmegi esasynda bolandyr diýip yglan etdi.

Eýran çydam toplumyny,Palestina toparlaryny we Palestinanyň zulum astyndaky milletiniň hak hukukyny araýan musulman ýurtlaryň mejlisleriniň diplomatik hereketlerini goldaýandyr diýip Burujerdi sözüne goşdy.

Palestinanyň Hemas hereketiniň Eýrandaky wekili Halid Gudumi hem bu duşuşykda Donald Trampyň tutan tutumy Palestina milletine we halkara howpsyzlygyna howply şertleri döredendir diýip nygtap geçdi.

Tags