Dec 26, 2019 16:20 Asia/Ashgabat
  • mertebesi belent ýolbaşçy:jihad we şehitlik medeniýetini halkyň aňyndan aýyrjak bolýan akyma esewan bolmalydyr

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy şehitleri gadyrlamaklygy hemmeleriň borjy bilmek bilen sebäbi yslam ynkylabynyň simwollaryny aýratynda şehit we jihad simwollaryny halkyň aňyndan çykarjak bolup tagalla edýän akym bardyr bu akymyň garşysynda durmak gereklidir diýip nygtadylar.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hamenei hezretleri Eýranyň günortasynda ýerleşen Hormozgan welaýatynyň şehitleriniň gadyrlanyş kongresiniň jogapkärleriniň duşuşygynda beren gürrüňlerinde bu welaýatyň ýaşaýjylarynyň jihad we göreşdäki gadym geçmişiniň barlygyna yşarat edip gaýduwsyzlygy we hakdan arka çykmaklygy bu sebitiň gymmatly baýlygy bildiler.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy her bir şehidi hakdan arka çykyp jan bermäge taýyn bolmakda pidakärligiň nusgasy bilip bu gymmatly nusgalaryň we simwollaryň ýaşlara tanadylmaklaryny nygtamak bilen bu nusgalaryň garşysynda ýene bir akym bardyr ol akym azgynlygy,dünýä talaplygy,pesada ýüzlenmekligi nusga höküminde tanatjak bolup tagalla edýändir şonuň üçin şehitleriň nura keşiplerini ýaşlara tanatmaklyk ýaşlaryň şehitlere ýürek bilen olaryň ýollaryny dowam etmeklige sebäp boljakdyr diýip belläp geçdiler.

Tags