Jan 27, 2020 23:06 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Eýranyň medeni merkezlerini ýok etmek barada Amerikanyň atan haýbaty medeni terrorizmiň bir görnişidir

Eýranyň daşary işler ministri şu gün Tehranda dünýäniň miraslary we milletleriň medeni baýlyklary barada geçirilen bir ýygnagda beren gürrüňlerinde Eýranyň medeni merkezlerini urmak barada Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň atan haýbatyny medeni terrorizmiň bir görnişi bildi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün ýaňky ýygnagda ekstremizm diýlen zat mezhep we millet diýlen zatlary tanaýan däldir diýmek bilen Amerikanyň prezidentiniň ýaňky mesele barada bihaýalyk bilen dile getiren zatlary halkara kanunlara çapraz gelmegiň ýanynda Eýranyň medeniýetiniň we milletiniň hakynda hetden geçmeklikdir diýip beýan etdi.

Amerikanyň prezidentiniň atan haýbaty onuň ýygrenmekden göz baş alýan kiçiligniň nyşanydyr Tramp diňe bir Eýrany we Eýranyň baý medeniýetini däl-de eýsem Medeniýetden we siwilizasiýadan we barlyşykdan nyşan bolan her bir zady ýigrenýändir diýip Zarif aýtdy.

Tags