May 01, 2020 20:02 Asia/Ashgabat
  •  ýokary derejeli ýolbaşçyynyň Mugallymlar güni mynasybetli gutlag haty

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy, mekdepleriň, uniwersitetleriň we dini medreseleriň ähli mugallymlaryny Mugallymlar güni bilen gutlap, mugallymlaryň uly işini adalatly we idealistik dini jemgyýet döretmek maksady bilen çagalaryň we ýetginjekleriň zehinini yslam we ynkylap gymmatlyklary ýolunda ösdürmegidir diýip nygtadylar.

Şu gün (anna), 1-nji maý (12-nji maý), professor Morteza Motahhariniň şehit bolmagynyň ýyl dönümi, Eýran Yslam Respublikasynyň senenamasynda "Mugallymlar güni" diýlip atlandyryldy.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi anna güni eden ýüzlenmesinde Yslam ulgamynyň adalatly we idealistik dini jemgyýeti döretmek maksady bilen döredilendigini aýtmak bilen  musulman ýurtda çaga we ýetginjek özüniň ukybyny Milli, yslam we ynkylap gymmatlyklarynyň gülläp ösdürmek ýolunda işe almagyny öwrenýär diýip beýan etdiler.

"Bu wajyp okuw we ony durmuşa geçirmegiň mehanizmi mugallymlaryň alyp barýan beýik işi we mübärek jihadydyr" diýip Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri sözüniň üstüni ýetirdiler.

Tags