Aýatolla kaşani:Eýranda Ýemene raketa geçirlenligi barada hiç hili alamat ýokdyr
(last modified Fri, 22 Dec 2017 13:20:01 GMT )
Dec 22, 2017 18:20 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla kaşani:Eýranda Ýemene raketa geçirlenligi barada hiç hili alamat ýokdyr

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Emami kaşani Eýranda Ýemene raketa geçirlenligi barada hiç hili alamat ýokdyr we şu ugurdaky toslamalar esassyzdyr diýdi.

şu gün Aýatolla Muhammet Emami kaşani Tehraniň juma namazynyň hytbalarynda beren gürrüňlerinde ekspertleriň aýdyşyna görä Ýemende bejerlen raketalar Eýranyň işi däldir we Eýrandan Ýemene raketa iberilmegi barada hem hiç hili alamat ýokdyr diýip nygtady.

Tehraniň juma namazynyň hatyby sözüniň dowamynda sebitde urşyň dowam etmegi we ýemeniň bombalanmagy üçin Amerika milliardlarça dollarlyk ýaraglary Saud režimine satýandyr emma hiç bir ýurt oňa nägilelik bildiren däldir diýip beýan etdi.

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Emami kaşani şeýle-de Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň Eýrana garşy hereketlertinden  maksat Amerikanyň sebitdäki şowsuzlyklaryhnyň üstüni basyrmakdyr diýip sözüne goşdy.

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Emami kaşani sözüniň dowamynda Donald TrampAmerika milletini harlandyr diýmek bilen Amerikanyň ilçihanasynyň Tel Awiwden basybalynan Kudusa geçirilmegi mümkindäldir diýip nygtap geçdi.

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Emami kaşani şeýle-de Amerika mydama yslama garşy amal edýändir we terrorçy DAEŞ toparyny döretmek ugurda Amerikanyň Arabystan bilen hemralyk etmegi yslamyň duşmanlarynyň mekirli hileleriniň şowsuzlyga uçramagyna sebäp bolandyr diýip sözüne goşdy.