Larijani:terrorizm dünýäniň iň möhüm çalyşydyr
Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygy Ali Larijani terrorizmiň ösüşe,asudalyga we döwletdir milletleriň maksatlary ugurynda böwet bolup duranlygyny aýdyp terrorizm dünýäniň aýratynda Aziýanyň iň möhüm kynçylygydyr diýip nygtady.
mejlisiň habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygy Ali Larijani Pakistanyň paýtagty Yslamabatda terrorizme garşy göreşmegiň çalyşlary we sebitleýin hyzmatdaşlyklaryň roly adyndaky maslahatda beren gürrüňlerinde Aňtaw serwisleriň maliýe we ýarag kömekleri berip terrorçylardan bir abzal höküminde haýyrlanmaklary terrorçy akymlaryň ösmegine şert döredendir diýip beýan etdi.
Larijani şeýle-de sebitde terrorizme ýerlik döretýän asly meseleleriniň birisi medeni meseleler diýmek bilen Sowetiň Owganystany basyp almagy we ondan soňra Amerika we NATO-nyň Owganystana dolmagy terrorçy toparlaryň döremegine we ýaýramagyna mümkinçilik döredendir diýip sözüne goşdy.
Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygy Sionist režimi şum maksatlary ugurynda sebitde durnuksyzlyk döretmegiň yzyndadyr diýip nygtap geçdi.