Nov 29, 2020 22:41 Asia/Ashgabat
  • Yragyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleri Eýrandaky terrorçylyk hereketini ýazgardylar

Yragyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleri Eýranyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliklerinde Eýrandaky terrorçylykly hereketi ýazgardylar.

"Mehr" habar gullugynyň habaryna görä, Yragyň Daşary işler ministri Fouad Huseýn ýekşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ýadro alymy Mohsen Fahrizadehiň şehit bolmagyna baryp çatan terrorçylykly hereketini ýazgarmak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrine öz hökümetiniň Eýranyň döwletine we halkyna gynanç bildirýändigini yglan etdi.

Şeýle hem, ýekşenbe güni Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde, ýadro alymy Mohsen Fahrizadehiň şehit bolmagyna sebäp bolan soňky terrorçylykly hüjümden gynanjyny bildirmek bilen bu Adamkärçiliksiz hereketi ýazgardy.

Terrorçylyk elementleri 27-nji noýabr, anna güni Eýranyň Goranmak ministrliginiň Gözleg we innowasiýa guramasynyň başlygy Mohsen Fahrizadeh terrorçylykly we ýaragly operasiýada şehit boldy.

Tags