-
Abdulla Abdulla Daşkende Eshag Jahangiri bilen duşuşdy
Nov 01, 2019 16:58Owganystan döwletiniň ýerine ýetiriji başlygy Abdulla Abdulla Özbegistanyň paýtagty Daşkent-de Şanhaýyň hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň premýer ministrleriniň maslahatynyň ýanynda Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Eshag Jahangiri bilen duşuşyp gürrüň etdi.
-
Aýatolla Mowahhedi Kermani: Yragyň kynçylyklarynyň asly sebäpkäri Amerikadyr
Nov 01, 2019 16:45Tehraniň juma namazynyň hatyby Yragyň özgerişlerine yşarat edip Amerikanyň döwleti 16 ýyl bäri uruşy garamaty höküminde her günde Yragyň azyndan bir million çelek nebitini talaýar, Yragyň ykdysady kynçylyklarynyň sebäpkärleriniň birisi Amerikadyr diýdi.
-
Prezident Ruhani Türkiýäniň garaşsyzlyk gününiň ýyllygyny gutlady
Oct 30, 2019 17:02Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Türkiýäniň garaşsyzlyk gününiň ýyllygyny bu ýurdyň döwletine we milletine gutlady.
-
Waezi: Amerika, Arabystan we Sionist režimiň maksady Liwan bilen Yrak döwletlerini ejizletmekdir
Oct 30, 2019 16:34Eýranyň prezidentiniň gullugynyň başlygy Mahmud Waezi Yrak bilen Liwanyň özgerişlerine yşarat edip bu ýurtlaryň döwletleriniň ejizlemekleri, Amerika, Arabystan we Sionist režimiň maksatlaryndandyr diýdi.
-
Mertebesi belent Ýolbaşçy: Yragyň we Liwanyň janköýerleri bilip goýsunlar güntertipdäki mesele amansyzlyga alaç tapmakdyr
Oct 30, 2019 13:56Eýran Yslam respublikasynyň Mertebesi belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali hameneýi Hezretleri sebitiň käbir ýurtlaryny durnuksyzlaşdyrmak ugurdaky duşmanlaryň mekirli hilelerine yşarat edip Yragyň we Liwanyň janköýerleri bilip goýsunlar güntertipdäki mesele amansyzlyga alaç tapmakdyr we bu iki ýurdyň milletleri hem kanuny islegleriniň diňe kanuny ýollardan üpjün bolýanlygyny bilmelidirler diýip beýan etdiler.
-
Eýran Sionist režimiň garşysynda howpsuzlyk geňeşiň başarnyksyzlygyna tankyt bildirdi
Oct 29, 2019 19:00Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň wekili Yshak Ale Habib halkara köpçüligini Sionist režimiň Palestina ülkelerinde yzarlaýan basyp alyjylykly syýasatlarynyň hereketleriniň öňüni almakda başarnyksyz bolmakda ýazgardy.
-
Eýran bilen Kataryň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Oct 29, 2019 16:02Eýran bilen Kataryň daşary işler ministrleri Duha-da Mýunheniň sebitleýin howpsuzlyk konferensiýasynyň ýanynda duşuşyp gürrüň etdiler.
-
Zarif Duha sapar etdi
Oct 28, 2019 17:41Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Mýunheniň howpsuzluk konferensiýasynyň sebitleýin maslahatyna gatnaşmak üçin Kataryň paýtagty Duha sapar etdi.
-
Serdar Fadawi: duşmanlar Eýrana garşy harby çäräniň netijesiz boljakdygyna ýetik bolandyrlar
Oct 28, 2019 16:51Eýranyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesiniň oruntutary Serdar Ali Fadawi duşmanlar Eýrana garşy harby çäräniň netijesiz boljakdygyna ýetik bolandyrlar diýmek bilen Eýranyň harby başarnygy öňkiler bilen deňär ýaly däldir diýip nygtady.
-
Musawi: Albagdadynyň heläk bolmagy bilen DAEŞ-iň ideýasy ýogalan däldir
Oct 28, 2019 16:33Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi terrorçy DAEŞ toparynyň serkerdesi Abubak Albagdadynyň heläk bolanlygy baradaky habara gaýtawul bermekde Abubekr Albagdadynyň ölmegi bilen DAEŞ-iň ideýasy ýogalan däldir we şeýle ideýa henizem bardyr diýdi.