-
Hytaý: Eýranyň ýadro programmasy baradaky täze sanksiýalara garşydyrys
Aug 15, 2025 17:33Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary anna güni Ýewropa ýurtlarynyň üçüsiniň BMG-nyň Eýran Yslam Respublikasyna garşy sanksiýalaryny gaýtadan girizmek howpuna jogap hökmünde Pekin Eýrana täze sanksiýalaryň girizilmegine garşy çykýar we diplomatiýanyň ösmegine päsgelçilik hasaplaýar diýdi.
-
Eýranyň mejlisiniň başlygy: Sionist guduz itiň öňüni almagyň wagty gutaryp barýar
Aug 15, 2025 15:42Anna güni Eýranyň mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf X sosial ulgamynda arap dilinde habar çap edip, Gazanyň iň soňky berkitmesi bolandygyny aýtmak bilen indiki sebitlere nobat gelmezden Palestina kömek bermäge howlugyň, sionist guduzyň öňüni almagyň wagty gutaryp barýar diýdi.
-
Larijani: Eýran, Sionist režimiň islendik hüjümine berk jogap bermäge taýýar
Aug 15, 2025 13:57Eýran Yslam Respublikasynyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary penşenbe güni sionist režimiň islendik hüjümine berk garşylyk görkezmäge taýýardygymyzy aýtdy we "Ysraýyl režiminiň" sebite durnuklylygy gazanmagyna ýol bermejekdigini ýatlatdy.
-
Araلçi: Ýewropalylaryň ýadro ylalaşygyň haýsydyr bir bölegi barada gürleşmäge ýa-da durmuşa geçirmäge ygtyýary ýok
Aug 15, 2025 11:10Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri penşenbe güni agşam Ýewropanyň Snapback mehanizmini işjeňleşdirmek baradaky haýbatlary barada şeýle diýdi: Ýewropalylar 20-nji oktýabra çenli Snapback mehanizmini durmuşa geçirmekleri üçin pursatlary bardyr, emma biziň pikirimizçe, Eýranyň ýadro ylalaşygynda urany baýlaşdyrmak hukugyny ykrar edýän pozisiýalary sebäpli, olar haýsydyr bir bölegini, şol sanda Snapback barada gürlemäge we durmuşa geçirmäge ygtyýary ýokdyr diýdi.
-
Netanýahu we adamkärçiliksiz syýasatlar; Gazadaky ölüm we açlyk kölegesinde boş wadalar
Aug 14, 2025 15:42Eýranyň halkyny suw krizisinden halas etjekdigini öňe sürmek bilen Benýamin Netanýahu özüni halas ediji hökmünde görkezýär, Gazadaky çagalar suw ýetmezçiligi we açlyk sebäpli ölýärler. Boş wadalar bilen ajy hakykatlaryň arasyndaky bu tapawut, Ysraýylyň syýasatlarynyň ikiýüzliligini açyk görkezýär.
-
Aref: Ýewraziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurdyr
Aug 14, 2025 14:54Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti geçen ýyl Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň synçy agzasy hökmünde Eýranyň agzalygyna ünsi çekip, Goňşy ýurtlar, esasanam Ýewraziýa sebiti bilen gatnaşyklary ösdürmek ýurduň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir diýdi.
-
Galibaf: Aparteid režiminiň ýolbaşçylary eýran halkyny bir stakan arassalanan kanalizasiýa suwy bilen aldamakçy bolýarlar
Aug 14, 2025 14:05Eýranyň mejlis başlygy "Muhammet Bager Galibaf" Sionist režimiň premýer-ministriniň soňky aýdanlaryna jogap edip, 21-nji asyryň faşistleri indi bir stakan arassalanan kanalizasiýa suwy bilen eýran halkyny aldamakçy bolýarlar, emma halkymyz taryhda özlerinden has tejribeli bolanlary äsgermezlik edendirler diýip beýan etdi.
-
Aragçiniň Netanýahunyň "Beýik Ysraýyl" baradaky aýdanlaryna reaksiýasy
Aug 14, 2025 13:32Sionist režimiň premýer-ministriniň "Beýik Ysraýyl" baradaky aýdanlaryna jogap hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi, günbatar metbugaty adatça "Beýik Ysraýyl" ideýasyny agzap geçenleri "anti-semitizm" bilen günäkärleýär diýdi.
-
Larijani: Liwanyň Hizbullahy Yslam üçin hormat we buýsanç çeşmesidir
Aug 14, 2025 13:23Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary "Ali Larijani" Liwanyň Hizbullahy häzirki wagtda yslam üçin hormat we buýsanç çeşmesi bolan janly we dowamly hereket hasaplady.
-
Masud Pezeşkian: Şehit bolan alymlar Eýrany ösüşiň iň ýokary derejesine çykardylar
Aug 12, 2025 15:32Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Sionist režimiň jenaýatçylygynyň öňünde adam hukuklaryny, parahatçylygy we howpsuzlygy talap edýänleriň hereketsizligini berk tankytlamak bilen bu şehit bolan alymlarymyz dünýäde Eýran halkyna hyzmat etmekden başga hiç zat etmediler, ýöne sionist režimi tarapyndan şehit boldular diýdi.