Aug 14, 2022 10:59 Asia/Ashgabat
  •  «Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat baýramçylygyň esasy çäresi boldy

12-nji awgustda “Hasyl” myhmanhanasynda geçirilen «Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat baýramçylygyň esasy çäresi boldy. Bu forum Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guraldy.

2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda, Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly konwensiýa durmuşa geçirilenden soň, Hazar deňzi bilen serhetleşýän 5 ýurtda bu deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsini tanatmak üçin ýygnak geçirilýär.

Hazar deňziniň suwlary dünýädäki bekre balygynyň 90% -ini öz içine alýar. Bu deňizde seýrek duş gelýän sadap görnüşleri ýaşaýar. Öňki ylmy we amaly gözlegler Hazaryň Kefal, Gyzylbalyk, akbalyk, ýyldyz bekre balygyny we beýleki täjirçilik balyklaryny we gaty hamly janlylary ösdürip ýetişdirmek üçin ajaýyp tebigy nahalhana bolup biljekdigini görkezdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, bu ýygnakda Hazaryň deňiz gurşawyny goramagyň esasy meseleleri, Hazar deňziniň ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meýilnamalar we täze sebit taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahatyň gün tertibine Hazar bilen bagly möhüm ugurlar — syýasat, ykdysadyýet, söwda, ekologiýa, ynsanperwer gatnaşyklar boýunça meseleler girizildi. Maslahata Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, alymlar, şeýle-de Hazarýaka döwletleriň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, iri halkara guramalaryň — BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň ýurdumyzdaky edarasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň dowamynda kenarýaka ýurtlaryň durnukly ösüşi üpjün etmekde esasy şertleriň jemlenmesine esaslanýan hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu şertler ykdysady, durmuş we ekologik meseleleriň bitewi toplumynyň çözgüdini özünde jemleýär. Çykyşlarda bu ulgamda sebitiň döwletlerinde alnyp barylýan köpugurly işler hemmetaraplaýyn şöhlelendirildi.

 

Tags