Tehran, Eýrany howply görkezýänleriň öňünde durar
Er-Riýadyň Tährani aýyplamak ugurdaky oýunyny başlaýan wagtynda ,Saud Arabystandan para alýan beýleki döwletler hem çaltlyk bilen şol gaýtalanýan oýuny yýzarlaýandyrlar.
Er-Riýadyň Tährani aýyplamak ugurdaky oýunyny başlaýan wagtynda ,Saud Arabystandan para alýan beýleki döwletler hem çaltlyk bilen şol gaýtalanýan oýuny yýzarlaýandyrlar.
Şu ugurda,Saud resmileriniň,Ýemenden Saud Arabystana tarap raketa atylmagynda,Eýranyň roly bolandyr diýen toslamalaryndan basym soň Bahreýn hem şeýle senariolary ileri sürüp,bu ýurduň nebit turbasynyň partlamak hadysasynyň aňrysynda Tähran bolandyr diýip toslandyr.belli zat şudyr welin Er-Riýadyň Eýranyň tersine bolan toslamalarynyň ýalan bolşy ýaly Bahreýniň bu täze toslamasy hem ýalandyr.Tähran Saudylaryň aýyplamalaryna gaýtawul bermekde BMG-nyň howpsuzlyk şurasyna hat ýazyp şu ýerlikde arzaly bolandyr.şeýle halda Bahreýniň tarapyndan ara atylan 2-njy toslama barada hem ,Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Bahreýniň resmileriň bu arada her hadysanyň bolmagyndan soň dile getiren zatlary Eýrany aýyplamakdyr.olar,bu hilli ýalan we puç gürrüňleriň we oglanjyk ýaly bolup beýlekileri aýyplamak döwüriň geçendigini bilmelidirler diýdi.nazara gelşine görä ,Eýran bilen 5+1 topryň arasynda ýadro ylalaşyga gol çekilmeginden soň ,dünýäň umumy pikirleri,sionist labbyň täsiri astynda günbatar we arap ýurtlaryň Eýranyň tersine bütin taslamalarynyň we ýaýradyşlyk işleriň ýalandygyna ýetik bolandyrlar.emma Saud režimiň ýaş diktatory Muhemmet ben Salman henizem Eýrany howply görkezmek ugurdaky döwüre dolanyp bu hileleri bilen Arabystanda Saud şahzadalaryň bir toparynyň tutulmaklary babatly dörän kynçylyklaryň üstüni basyrmak ugurda tagalla edýändir.onuň öz ýaranlarynyň kömekleri şol sanda Bahreýniň daşary işler ministri Şeýh Haled ben Ahmet ýada Liwanyň gudratdan gyraga giden primýer ministri Saad Häririň kömekleri bilen Eýrany howply görkezmek ugurdaky syýasaty ýaňadan ileri sürüp Tel Awiwiň tarapyndan belli edilen ýolda hereket etmek ugurda tagalla edýän bolmagyda mümkindir.Haýran galdyryjy şu dyr welin Eýranyň garşysyndaky täze strategikini yglan eden Amerikanyň prezidenti Donald Trampdan Aýry käbir Ýewropanyň resmileri hem şol duzaga düşendirler. Şu ugurda Fransiýaň prezidenti Emanuel Makron Birleşen Arap Bileleşiginde beren gürrüňlerinde Saud Arabystanyň ýarany bolýan bu ýurduň resmileri bilen ugurdaş hereket edip Eýranyň sebitleýiň işleriniň we raketa taslamasynyň garşysynda berk durulmalydyr diýip toslady. Tähran bu hili täze syýastatlaryň garňysynda dymyp oturjak däldir.şu ugurda diplomatik jogaplardan aýry, ýurdumyzyň resmileri Eýranyň howply görkezmegi ýerlikdäki senariýoniň ýaňadan ýaýramagynyň öňüne geçmekde umumy diplomatika ýüzlenip tagalla edendirler