-
Demirgazyk-Günorta geçelgesinde Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda demir ýol gatnawynyň artmagy
Sep 16, 2023 17:53Russiýanyň demirýol logistika kompaniýasynyň baş müdiri, Demirgazyk-Günorta halkara koridorynyň üsti bilen bu ýurduň Türkmenistan bilen demir ýol gatnawynyň köpelendigini habar berdi.
-
Emomali Rahmonyň Duşenbede Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy
Sep 14, 2023 15:49Täjigistanyň prezidenti Duşenbede Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbek we Türkmen kärdeşleri bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy.
-
Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleri Duşenbede duşuşdylar
Sep 14, 2023 13:192023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky maslahatynyň öňüsyrasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi, oňa Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy.
-
Terrorçylyga garşy göreşde Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär
Sep 13, 2023 09:46Terrorçylyga garşy göreş we 2023-2024-nji ýyllar aralygynda bu ugurdaky işleri gowulandyrmak boýunça Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meýilnamasy bu ýurduň prezidenti tarapyndan tassyklandy.
-
Türkmen-hytaý gatnaşyklary babatynda özara pikir alyşyldy
Sep 12, 2023 12:422023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Hytaýyň halkara ösüş we hyzmatdaşlyk Agentliginiň başlygynyň orunbasary Den Botsin bilen duşuşygy geçirildi.
-
2026-njy ýyla çenli Türkmenistan bilen Fransiýanyň diplomatik guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi
Sep 11, 2023 09:58Türkmenistanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdiler.
-
UNFPA-nyň sebitleýin direktory bilen duşuşyk geçirildi
Sep 09, 2023 11:062023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan milli maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Florens Bauer bilen duşuşygy geçirildi.
-
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-HABITAT bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryna seredildi
Sep 09, 2023 09:592023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-HABITAT) wekilleri Katýa Şefer we Herman Piýenaar bilen duşuşygy geçirildi.
-
Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
Sep 08, 2023 12:572023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.
-
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary barada
Sep 07, 2023 11:27Şu ýylyň 4-5-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi.