Saud Arabystanyň , sebitde uruş turuzmagy hakynda
(last modified Thu, 09 Nov 2017 12:35:29 GMT )
Nov 09, 2017 17:35 Asia/Ashgabat
  • Saud Arabystanyň , sebitde uruş turuzmagy hakynda

El gatyçy Saud Birliginiň,Eýranyň tersine bolýan toslamalary,sebitde uruş turuzmak we dartgynlylyk döretmek ugurda Amerika ,Saud Arabystan we Sionist režimiň bilelikdäki hileleriniň täze görümlerini äşgär edendir.

Ýemende el gatyçy Saud Birligi ,geçen şenbe güni Saud Arabystanyň paýtagty Riýazyň Melek Haled adyndaky halkara howa menziline tarap Ýemeniň goşuny tarapyndan raketa atmagynyň yzy bilen,puç we esassyz toslamalaryny ara atyp, bu harby enjamlar Eýrandan Ýemene iberilendir diýip toslady.Saud Arabystanyň daşary işler ministrligi Adel Aljobeýir hem ,ABŞ-yň prezidenti Donald Trampyň Eýranyň tersine bolan ýalan gürrüňleri bilen başlanan bu senarýony kämil etmekde Eýrany,terrorizme ýardym bermekde aýyplap Saud Arabystan mynasyp zamanda Eýranyň duşmançylykly işlerine jogap bermekde özüni hakly bilýär diýip haýbat atan boldy.bu gürrüňlere meňzeş gürrüňler hem Bahreýniň daşary işler ministri Haled ben Ahmed Al-halife bilen Birleşen Arap Emirlikleriň daşary işler boýunça geňeşçi ministri Anwar Gargaşyň dillerinden Eýranyň tersine aýdylandyr.bu gürrüňler we toslamalar bolsa,Eýranyň daşary işler ministrliginiň berk gaýtawul bermegini yzyna tirkedi.Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi ,Saud Arabystana ,puç toslamalaryny we aýyplamalaryny gyrakda goýup,Ýemeniň günäsiz we goragsyz ilatyna edýän hüjümleriniň çalt togtadyp,ýemenli taraplaryň arasynda gepleşik geçirilmeginiň we bu ýurtda ýaraşyň berkarar bolmagynyň ýolyny tekizlemegini tabşyrdy. Eýranyň sebitde dahylçylyk etmegi ýerlikdäki toslamalar we şonuň bahanasy bilen aýdylýan gürrüňler şeýle bir ýagdaýda bolýandyr welin,Saud Arabystanyň mirasdüşeri we bu ýurduň gorag ministri Muhemmet ben Salman geçen maý aýynda Al-Arabiýe tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde ,halkara usullara çapraz gelýän haýbat atyjy gürrüňlerinde durnuksyzlyklaryň we uruşyň Eýranyň serhetlerine tarap çekilmegi gereklidir diýipdi.emma bu syýasy oýunyň ýene bir tarapyny Jeruzalem post gazieti başga bir rowaýatda beýan edendir. Bu Sioniste  degişli gaziet,Saud Arabystab bilen Sionist režimiň ýaşrynlykda edýän hyzmatdaşlyklarynyň birisine yşarat edip, bir näçe wagt mundan ozal, Riýaz , Eýranyň raketa sistemasyň işlerinde kynçylyk döretmek ugurda käbir işleri synap görendir, onuň maksaty hem Sionist režimiň howa hüjüminiň ýoluny tekizlemek bolandyr diýip ýazdy.Amerikanyň hemaýatlary bilen bolýan bu işler köpçüliklikde howpsuzlyga bir uly howpdyr. Şeýle halda Amerikanyň goranmak ministrligi Pentagon bir beýannama çykaryp,Eýranyň orta gündogarda durnuksyzlyk döretýän işlerine garşy göreşilmegi ugurynda Amerika,Saud Arabystan bilen harby hyzmatdaşlyk etýär diýip yglan edendir.şeýle halda Eýranyň daşary işler ministri Muhemmet Jawad Zarif, Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň Saud Arabystana bolan sapary,Bähreinde basgylaýçy işleriň bolmagyna sebäp boldy we onuň yzy bilen hem Kataryň kynçylyklygy döredi diýip twiter sahypasynda ýazandyr.

 

Tags