Jul 14, 2018 09:48 Asia/Ashgabat
  • Trampyň Eýrana garşy iki ýüzli işleri

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp,ýene bir gezek ,Eýran yslam jomhurlygyna haýbat atmagyny dowam etmeginden aýry,Eýran bilen gepleşik geçirmäge ykjamdygyndan gürrüň gozgady.

Donald Tramp ,NATO guramasyna agza ýurtlaryň başlyklarynyň Brusselde maslahat geçirmeklerinden soň metbugatlyk söhbetdeşliginde ,bir soraga jogap bermekde,Eýranlylar bir zamanda maňa jaň edip ylalaşyk bolmagyny islärler we biz ylalaşyga ýeteris diýdi.Amerikaň ýadro ylalaşykdan çykmagyndan soň Tramp näçelenji gezek üçin Eýran bilen bir ylalaşyga ýetmegine ykjam bolýandygyny habar berendir.şeýle halda Amerikanyň döwletiniň ýokary derejeli resmileriniň etýän işleri ,aýtýan parhly gürrüňleri ,haýbat atmaklary we bihormatçylyk etmekleri,Tähran bilen Waşingtonyň arasynda täze ylalaşygyň bolmagy ugurynda oýlanmagyna her hili  şert  döremegini aradan aýrandyr.esasan ýurtlaryň arasynda her hili ylalaşygyň bolmagy azyndan garşylykly hormata ,garşylykly ynama meňzeş peýdalaryň belli edilmeklerine mätäç bolýandyr.emma Amerikada Donald Trampyň gudrata ýetmegi bilen olar hem aradan gidendir diýseň bolýar.7 ýurduň Ýewropa bileleşigi bilen azyndan 10 ýyl gepleşik geçirmeklerinden soň gol çekilen ýadro ylalaşykda Amerikanyň döwletiniň üstne hem jogapkärçilik berilendir we halkara hukuk boýunça ,ýurtlaryň jogapkärçilikleri ,döwletleriň çalyşmagy bilen aradan gitýän däldir.bulardan başga ýadro ylalaşyk Amerikanyň hem beren sesi bilen BMG-nyň howpsuzlyk şurasynyň tarapyndan çykarlan karar hat boýunça tassyklanandyr.emma Amerika döwletiniň halkara peýmanlara we guramalara şolsanda ýadro ylalaşyň senedine üns bermänligi Trampyň döwleti bilen täze ylalaşyga ýetilmek şansyny aradan aýrandyr.şeýle halda ,soňky bir näçe aýda hasda Amerikanyň ýadro ylalaşykdan çykmagyndan soň bu ýurduň Eýrana haýbat atmagy we Eýranyň garşysynda etýän bihormatçylyk  işleri köpelendir.Amerikanyň DIM-y Maýk Pompeonyň beren gürrüňleri we Eýran bilen gepleşik geçirilmegi üçin 12 şerti goýmagy,Eýran bilen her hili ylalaşygyň  bolaýmagynyň gapysyny ýapandyr.bu meselelere üns berilmegi bilen Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň,  Brusselde maslahat geçirmeklerinden soň metbugatlyk söhbetdeşliginde aýdan gürrüňleri,Amerikanyň ,Eýranyň garşysyndaky işlerini açyklamagynyň ýerine halkara düzgüne we näçe 10-ýyllyk bäri Eýrana üns bermezden Amerikanyň durmuşky prezidentiniň ýüregindäki arzuwsyny belli etýändir. Şeýlede Eýranyň DIM-y Mohammed Jawad Zarif  Žurnalistlar bilen geçiren söhbetdeşliginde ,Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagy bir sargyt berýändir ,ol hem Amerika bilen hiç mahal ylalaşyga ýetmeli däl digidir diýdi.

 

 

Tags