Saud Arabystanyň jenaýatlary we BMG-nyň oňa reaksiýasy
(last modified Mon, 13 Aug 2018 06:29:28 GMT )
Aug 13, 2018 11:29 Asia/Ashgabat
  • Saud Arabystanyň jenaýatlary we BMG-nyň oňa reaksiýasy

Saud Arabystanyň harby uçarlary geçen penşenbe güni awgust aýynyň 9-inde Ýemeniň Sade welaýetinde ýerleşen Dahýan şäherinde çagalary alyp barýan awtobusa hüjüm etdiler.

Saud Arabystanyň harby uçarlarynyň jenaýatynda  130 adama golaý öldürilip ýa-da ýaraly boldular.BMG-nyň amanlyk şurasy bu jenaýatdan soň oňa gaýtawul berdi.BMG-nyň bu jenaýata beren gaýtawulynyň hili ,onuň adamzat hukuk garşysynda  ýüzli amal etýänlygyny görkezdi.BMG-nyň amanlyk şurasynyň Sade welaýatynda ýüze çykan jenaýata gaýtawul bermeginiň 3 jäheti bardyr.deslapda amanlyk şura diňe bu jenaýata hawatyrlanma bildiren kişi bolandyr.amanlyk şura ýene bir haýran galdyryjy hereketi edip şu ugurda barlag geçirmegi Sud Arabystanyň üstüne oklandyr. Saud Arabystanyň özi bu jenaýaty amala aşyrandyr we BMG-nyň amanlyk şurasy taýsyz bir hereketde bu jenaýat hakda barlag geçirmegi  Saud Arabystandan isländir. Amanlyk şuranyň gaýtawulynyň 3-njy jäheti  önki 2 jähetden haýran galdyryjydyr.şonda  BMG-nyň amanlyk şurasy çagalardan bir galkan höküminde haýyrlanmagy ýazgarandyr.BMG hakykatda Saud Arabystanyň  jenaýatlaryna garşy däldir.Amerikanyň BMG-syndaky wekili Niki Hili bir metbugatlyk beýannamany çykaryp uruşda bigünä harby bolmadyk ilatyň şldürilmekleri we olardan galkan höküminde haýyrlanmagy kabul ederli däldir diýip yglan etdi. Amerikanyň BMG-syndaky wekili Niki Hili ,biz Saud Arabystandan çaltlykda bu waka hakda barlag geçirlmegini isleýäris diýdi.bu 3 jähetden BMG-synyň amanlyk şurasynyň işlerine tankyt etseň bolýandyr.hakykatda Saud Arabystanyň çagalary öldürmegi uruş jenaýatyň anyk we belli nyşanydyr.bu meseläni BMG-nyň baş sekretarynyň metbugat wekili BMG-nyň baş sekretary Guterreşden  nakyl edip nygtandyr.BMG-nyň amanlyk şurasy halkara jezalandyryş diwanyň esasnamasynyň 13-njy maddasynda jenaýat amala aşyrylsa şonuň dusyýasyny bu diwana gowşuryp bilýändir. emma amanlyk şura Dahýan jenaýaty hakda diňe hawatirlanma bildirendir

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniň Ýemeniň demirgazygynda ýerleşýän Sade welaýatynda guran çagalar bilen birlikde 50 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümini ýazgardy.

BMG-nyň Baş sekretarlynyň metbugat geňeşçisi tarapyndan berlen beýanata görä, Guterreş çagalary alyp barýan awtobusa guralan hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi.

Ýemendäki ähli taraplaryň halkara hukuga sarpa goýmalydygyny we jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmelidigini aýdan Guterreş, söweşiň bes edilmeginiň ýeke-täk ýolunyň syýasy çözgütden geçýändigini nygtady.

Guterreş dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin taraplara syýasy etapda jogapkärçilik almaklary çagyryşyny berdi.

Antoniu Guterreş wakanyň garaşsyz topar tarapyndan derňelmegi çagyryşyny berdi.

Sadanyň Dahýan şäherinde çagalary alyp barýan awtobusy nyşana alan hüjümde 50 adam ýogalypdy, 77 adam ýaralanypdy.

 

Tags