Trampyň döwleti, Saudylara berilýän gysyşlary azaltjak bolýar
Amerikanyň prezidenti Donald Tramp ,Amerikada gudrat başynda ýerleşmeginden soň bu ýurduň sebitleýyn maksatlarynyň baryşynda Waşington- Riýazyň gatnaşyklaryny ösdürjek bolýar.
Amerikanyň prezidenti Donald Tramp ,Amerikada gudrat başynda ýerleşmeginden soň bu ýurduň sebitleýyn maksatlarynyň baryşynda Waşington- Riýazyň gatnaşyklaryny ösdürmek ugurda tagalla edendir we şol bir wagtyň özünde Riýaz bilen uly sowda ylalaşyk namalary baglaşmak bilen 450 milliard $ peýdany Amerikaly şereketlere Saudylardan alyp berjek bolandyr.
Emma Saud režimiň Ýemen uruşyny dowam etdirmegi we Ýemenlileriň müňlerçesini şol sanda Ýemenli çagalary we zenanlary öldürmegi we Saud Arabystandan tankyt etýän gazetçi Jamal Haşogçyny Stanbul şäherindäki konsulçylygynda eýmenç suratda dograp öldürmegi we bu jenaýatda Saud Arabystanyň patyşasynyň mirasdüşeri Muhammet ben Salmanyň rol oýnamagyň belli bolmagy Amerikaň kongresiniň gaýtawulyna gabat gelip durandyr.şu baryşda Trampyň döwleti gysyş astyna girip durandyr.Demokrat senator Bap Mendez Ýemen uruşyna yşarat edip,biziň syýasy adamlarymyz bu uruşyň dowam etmegine sebäp bolandyr welin bu uruş bolsa iň aýlganç ynsany dartgynlygy ýüze çykarandyr diýip beýan edendir.Amerikanyň senasi geçen penşenbe güni bu karar haty tassyklamak bilen,Saud Arabystandan tankyt edýän gazetçi Jamal Haşogçyň öldürilmeginiň jogapkärçiligi Saud patyşasynyň mirasdüşeri Muhammet ben Salmanyň üstüne düşendir we ol bu eýmenç jenaýatyň jogapkäridir diýip yglan edendir.Amerikanyň Sena Mejlisiniň wekilleri zamandaş Amerikanyň Saud Arabystana berýän harby-logestiki kömeklerini kesmegi babatly 3 karar haty tassyklandyrlar.wekiller Mejlisiň agzalary hem bu karar haty hökman ýşretmeli kanuna öwürmek üçin şony ses alyşlyga goýmalydyrlar.geçen wagtlarda Amerikada Demokratlar Sena Mejlisiň köp orunlaryny alandyrlar.indi ýaňky Amerikanyň wekilleriniň çykaran karar hatlary tassyklanylar diýip çak edilýär.Amerikanyň Sena Mejlisiniň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy respublikan Senator Bap Korkerdir.Korker bolsa bu karar hatyň tassyklanylmagyny isleýändir.garaşsyz Senator bolan Berni Sanderziň aýtmagyna görä,Amerika,Saud Arabystan ýaly birähim diktatory režim bilen bolan gatnaşyklaryna ýaňadan ser etmelidir.Amerikanyň aragatnaşyk serişteleri öň Amerikanyň SIA guramasynyň resmilerinden nakyl edip barlaglaň netijesi, Muhammet ben Salmanyň gazetçi Jamal Haşogçynyň öldürilmegine perman berendir diýip yglan edendir.emma Tramp we Maýk Pompeo bolsa Muhammet ben Salmanyň ,gazetçi Haşogçyň öldürilmeginde dahyllydygy belli däldir diýärler we köpräk barlag geçirilmegini isleýändirler.