Dec 27, 2017 11:10 Asia/Ashgabat
  • Putin TOPH-yň üstünlikli boljagyna şübhe bildirýär

Owganystanda YD-nyň peýda bolandygy üçin Putin TOPH-yň üstünlikli boljagyna şübhe bildirýär.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň arasynda 25-nji dekabrda bolan telefon söhbetdeşliginiň temalarynyň biri TOPH proýektiniň durmuşa geçirilmegi barada boldy.

“Men şu gün Türkmenistanyň prezidenti bilen gürleşdim, onsoň ol Owganystanyň territoriýasynyň üstünden we aňryk onuň goňşularyna – Pakistana we Hindistana gaz geçiriji gurmak planlaryny ýatlatdy. Ol bizi hem gatnaşmaga çagyrýar. Umuman, ol ýerde birnäçe proýekt durmuşa geçirilýär, özem doly üstünlikli, şol sanda, Türkmenistan tarapyndan hem. Elbetde, bu görnüşdäki proýekti durmuşa geçirmek näderejede mümkin, muňa seretmek gerek” – diýip,TACC  Wladimir Putiniň sözlerini sitirleýär.

Putiniň pikirine görä, ýagdaýy agyrlaşdyrýan we seresap bolmaga itekleýän element Owganystanda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň peýda bolmagy we eýýäm, “Talyban” bilen gapma-garşy durmaga başlamagy.

Türkmenistan TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindisatan) gaz geçirijisiniň 2020-nji ýylda işe giriziljekdigini yglan etdi. Bu barada şu ýylyň 24-nji maýynda, “Awazada” geçen gaz kongresinde aýdyldy.

Gaz geçirijiniň 214 kilometrlik türkmen uçastogynyň gurluşygy 2018-nji ýylyň aýagyna tamam bolar.

 

 TOPH gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 1735 kilometrden ybarat bolar. Ol Türkmenistandan başy başlanyp, bu ýurduň çäklerinde 200 kilometri geçer, soňra 735 kilometr—Owganystanyň çäkleri boýunça, 800 kilometr—Pakistanyň çäkleri boýunça geçip, Hindistan bilen araçäkde Fazilka ilatly nokada baryp ýeter. Gaz geçirijisiniň ýyllyk kuwwaty ýylda 33 milliard kub metr gaza barabar bolar.

Ýatladýarys, 2017-nji ýylyň noýabrynda Wladimir Putiniň Eýrana sapary mahalynda “Gazprom” bilen Eýranyň milli nebit kompaniýasynyň (NIOC) arasynda Eýrandan Pakistanyň üsti bilen Hindistana gaz geçiriji gurmagyň tehniki-ykdysady esaslaryny (TYE) taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy.

Eýran-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi TOPH gaz geçiriji proýektine basdaş bolup durýar.

Tags