Arap Bileleşigi Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ylalaşygy garşy aldy
(last modified Sun, 12 Mar 2023 08:57:43 GMT )
Mar 12, 2023 13:57 Asia/Ashgabat
  • Arap Bileleşigi Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ylalaşygy garşy aldy

Arap Bileleşiginiň Baş sekretary Eýran Yslam Respublikasy bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ylalaşygy garşy aldy.

Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary "Ali Şamhani" bilen Saud Arabystanyndaky kärdeşi "Mosed bin Muhammet Al-Aiban" arasynda birnäçe gün dowam eden çekeleşikli gepleşiklerden soň 10-njy martda anna güni Eýran Yslam Respublikasy, Saud Arabystany we Hytaý arasynda bilelikdäki beýannama gol çekişlik dabarasynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary täzeden dikeltmek barada gazanylan şertnama resmi taýdan yglan edildi.

IRNA-nyň ýekşenbe güni beren habaryna görä, Arap Bileleşiginiň Baş sekretary "Ahmed Abul Gaýt" Eýran Yslam Respublikasy bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ylalaşygy garşy alyp bu ylalaşygyň iki ýurduň arasyndaky oňyn gatnaşyklaryň täze tapgyryny wada berýändigini aýtmak bilen sebitde durnuklylygyň durmuşa geçirilmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.

Wenesuelanyň hökümeti hem Eýran Yslam Respublikasy bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ylalaşygyny garşy alýan beýannamay ýaýradyp muny möhüm diplomatik üstünlik we köp polýar dünýä döretmek ugrundaky ädim diýip yglan etdi.

7 ýyllyk arakesmeden soň Tähran-Riýad ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny dikeltmegiň açary, iki ýurduň arasyndaky şertnamalar bilen birlikde Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisiniň Hytaýa eden möhüm sapary wagtynda boldy we Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky gatnaşyklary täzeden ýola goýmak meselesi Hytaý tarapynyň tekliplerinden biri hökmünde Eýrana hödürlendi.

Eýran we Saud Arabystany, 2021-2022-nji ýyllar aralygynda iki tarapyň arasynda gepleşikleri geçirendigi üçin Yraga we Oman soltanlygyna şeýle hem, Hytaýyň ýolbaşçylaryna we hökümetine bu ýurtda geçirilen gepleşikleri kabul edendigi we goldaýandyklary we durmuşa geçirmäge synanyşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdiler.

Tags