Jun 06, 2024 21:15 Asia/Ashgabat
  • Ysraýylyň Gazada dowam etdirýän hüjümlerinde pida bolan palestinalylaryň sany 36 müň 550 adama ýetdi

Ysraýyl režimiň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 36 müň 550 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 82 müň 959 adama ýetdi

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 242 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guraýan hüjümlerinde 7 gyrgynçylyk edendigi, hüjümlerde ýene-de 71 palestinalynyň pida bolandygy, 182 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde şehit bolanlaryň sany 36 müň 550 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 82 müň 959 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda pida bolan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi. 

Şeýle-de Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagynyň merkezindäki Nusaýrat bosgun düşelgesinde BMG-nyň Ýakyn Gündogardaky palestinaly bosgunlara ýardam we iş topary agentligi (UNRWA) degişli mekdebe guran hüjüminde 39 palestinaly pida boldy. 

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligniiň resmilerinden alynan maglumata görä hüjümde şeýle hem onlarça adam ýaralandy. Şo bir wagtyň özünde, Ysraýylda aşa sagçy garaýyşlary bilen tanalýan Milli howpsuzlyk ministri Itamar Ben-Gwir, Gaza Sektorynda guraýan hüjümlerini artdyrmak üçin sebite berilýän ynsanperwer kömeginiň “bir ýa-da iki aý” bes edilmelidigini öňe sürdi.

Itamar Ben-Gwir, harby goşunyň radiosyna beren beýannamasynda, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerini güýçlendirmelidigini nygtady.

Ysraýylyň Gaza berilýän ynsanperwer kömegini bes etmelidigini aýdan Ben-Gwir “Gazy kesmek, ynsanperwer kömegi ýok diýmek” ýaly. Bir-iki ynsanperwer kömeginiň berilmegini bes edeliň”diýdi.

Aşa sagçy Itamar Ben-Gwir soňky döwürde Premýer-ministr Binýamin Netanýahu bilen Gazada ýesir çalşygy we hüjümleriň bes edilmegi meselesinde uly dartgynlygy başdan geçirýär.

 

 

 

Tags