Jun 20, 2024 11:45 Asia/Ashgabat
  • Seýid Hasan Nasrollah: Garşylygyň Ysraýylyň basyp alyjy režimi bilen söweş üçin çägi ýokdyr

Liwanyň Hizbullahynyň Baş sekretary, eger Liwana garşy söweş edilse, garşylyk düzgün we çäklendirmesiz duşmana garşy göreşjekdigini aýtdy.

"Al-Ahed" habarlar gullugynyň habaryna görä, Liwandaky Hizbullanyň Baş sekretary Seýid Hasan Nasrollah, düýn geçen çarşenbe güni Sionist režimiň goşunynyň Liwanyň günortasyndaky "Joýa" şäherine eden hüjüminde şehit bolan Hizbullanyň merhum serkerdelerinden biri bolan "Talib Sami Abdullah" -yň hatyralama dabarasyna gatnaşanda, nesil gyryjy Ysraýyl režimi bilen Amerikanyň Liwana edilen hüjümiň sebitleýin netijeleriniň boljakdygyny bilýärler diýip nygtady.

Liwandaky Hizbullahyň Baş sekretary, Liwanyň goldaw frontunyň Palestina garşylygyny goldamak üçin işini dowam etdirjekdigini we basyp alyjy duşmany Gaza zolagyndan çykmaga mejbur etjekdigini aýtdy.

Seýid Hasan Nasrollah şeýle-de Sionist režimiň serkerdeleriniň aýdanlaryna görä Liwan frontunyň 100,000-den gowrak sionist esgerini we birnäçe bölümini özüne maşgul edendigini we eger bu front bolmadyk bolsa, Gazany ýeňmek üçin ýeterlik güýçleriň dörediljekdigini aýtdy.

Liwanyň Hizbullahynyň Baş sekretary, Ysraýyl basybalyjylarynyň has köp basyş etmezlik üçin ýitgilerini demirgazyk frontda gizleýändigini aýtdy.

Liwanyň Hizbullahynyň Baş sekretary şeýle hem uly we geň galdyryjy we jeza beriji "Wadah Sadeg" barada durup geçip, Ysraýyl režiminiň halkara goldawyna garamazdan, Eýran Yslam Respublikasy Ysraýyla pilotsyz we raketa hüjümi bilen garşylyk okunyň peýdasyna ýagdaýy üýtgedendigini aýtdy.

Tags