Ysraýyl Bilen Hizbullahyň Arasyndaky Çaknyşyklar Dowam Edýär
(last modified Fri, 12 Jul 2024 15:16:43 GMT )
Jul 12, 2024 20:16 Asia/Ashgabat
  • Ysraýyl Bilen Hizbullahyň Arasyndaky Çaknyşyklar Dowam Edýär

Çaknyşyklar sebäpli häzire çenli Liwanyn günortasyndan 90 müň adam hem başga ýere göçmeli boldy.

 

 Ysraýyl bilen Liwandaky Hizbullahyň arasyndaky çaknyşyklar güýçli depginde dowam edýär.

Ysraýylyň harby uçarlary, Liwanyň günortasynda ýerleşýän 5 obany bombalady.

Ysraýylyň harby goşunyndan berlen beýannamada, Hizbullaha degişli harby merkezleriň nyşana alynandygy nygtaldy.

Hizbullah bolsa Liwanyň günortasyndan Ysraýylyň harby merkezlerine uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandyklaryny mälim etdi.

Ysraýylyň harby goşuny, uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde 33 ýaşyndaky esgeriň ýogalandygyny mälim etdi.

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrligi, 8-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň harby goşuny tarapyndan guralýan hüjümlerde häzire çenli Hizbullaha agza 366 adamyň we asuda ilatdan 100 adamyň pida bolandygyny mälim etdi.

Hüjümlerde 1438 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.

Çaknyşyklar sebäpli häzire çenli Liwanyn günortasyndan 90 müň adam hem başga ýere göçmeli boldy.

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde pida bolanlaryň sany 38 müň 295 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 88 müň 241 adama ýetdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 278 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada 4 aýry gyrgynçylyk edendigi, guralan hüjümlerde ýene-de 52 palestinalynyň pida bolandygy, 208 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde pida bolanlaryň sany 38 müň 295 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 88 müň 241 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda pida bolan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi. 

Ysraýylyň Gaza zolagynyň Han Ýunus şäherinde öz ýaşaýan ýerlerinden göçürilen palestinalylaryň sygynan mekdebe guran hüjüminde bolsa 30 palestinaly pida bolupdy.