Aug 19, 2024 12:19 Asia/Ashgabat
  • Saud Arabystany bilen ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň arasynda Gazadaky söweş barada maslahat

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleri telefonda Gaza zolagynda urşy bes etmek baradaky tagallalar barada gürleşdiler.

IRNA-nyň habaryna görä, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken sionist režimi bilen Hamas hereketiniň arasynda ýaraşyk şertnamasy baradaky gepleşikleri öňe sürmek baradaky tagallalaryň çäginde ýekşenbe güni agşam Tel Awiw şäherine gelende Saud Arabystanyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Gaza zolagyndaky häzirki ýagdaý, sebitdäki wakalar we Sudanda we Ýemendäki ýagdaýlar barada pikir alyşdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary şu gün (duşenbe) Sionist režimiň başlygy Isak Herzog, premýer-ministr Benýamin Netanýahu we uruş ministri Ýaow Gallant bilen duşuşar.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti hem Blinkeniň Gazada ot açyşlygy bes etmek barada gepleşik geçirmek maksady bilen sişenbe güni (ertir) Kaire barjakdygyny habar berdi.

Katar, Müsür we ABŞ ýurtlary Gazadaky ýaraşyk ylalaşyklarynyň araçylary hökmünde geçen anna güni Kataryň paýtagtynda geçirilen bu netijesiz gepleşikleriň gutarandygyny habar berdiler.

Tags