Sionist režimiň Gaza zolagyna garşy jenaýatlarynyň dowamy
(last modified Sat, 14 Sep 2024 09:20:08 GMT )
Sep 14, 2024 14:20 Asia/Ashgabat
  • Sionist režimiň Gaza zolagyna garşy jenaýatlarynyň dowamy

Sionist režimiň söweşijileriniň Gaza zolagynda eden hüjüminde azyndan 9 adam şehit boldy.

"Al-Jazeera" teleýaýlymynyň habaryna görä, sionist režimiň Gaza şäheriniň gündogaryndaky bir ýaşaýyş jaýyna irden eden hüjüminden soň dokuz palestinaly şehit boldy, olaryň dördüsi çaga we üçüsi aýaldyrlar.

Bu habara görä, Gaza şäheriniň "Al-Tafah" mähellesindäki al-Şujaieh mekdebiniň golaýyndaky ýaşaýyş jaýyna edilen hüjümde birnäçe adam hem ýaralandy.

Palestina Saglygy goraýyş ministrligi, Sionist režimiň Gaza zolagynda eden şehitleri we ýaralananlary baradaky soňky statistikasynda 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri bu zolakda 41 müňden gowrak palestina raýatynyň şehit bolandygyny habar berdi.