Arap Bileleşigi: Gazanyň demirgazygyndaky Ysraýylyň genosidi mejbury göçmäge gönükdirlendir
(last modified 2024-10-14T12:08:20+00:00 )
Oct 14, 2024 17:08 Asia/Ashgabat
  • Arap Bileleşigi: Gazanyň demirgazygyndaky Ysraýylyň genosidi mejbury göçmäge gönükdirlendir

Arap Bileleşigi Sionist režimiň Gazadaky genosid amallaryny ýazgaryp, bu hereketleri palestinalylary zor bilen göçürmek baradaky giň meýilnamanyň bir bölegi hökmünde häsiýetlendirdi.

Mehr habar gullugynyň habaryna görä, Arap Bileleşiginiň Baş sekretary "Ahmed Abul Gaýt" sionist režimiň Gaza zolagynyň demirgazygynda, esasanam Jabaliýada dowam etdirýän işini ýazgarmak bilen, Ysraýyl, Gazadaky utandyryjy ýazgylaryna has köp jenaýat goşmak üçin Liwandaky jenaýatlary bilen dünýäni meşgul edip durandyr diýdi.

Arap Bileleşiginiň Baş sekretary şeýle-de sionist režimiň ýaşaýjylara suw we azyk ýaly möhüm materiallaryň girmeginiň öňüni alandygyny şeýle hem lukmançylyk merkezlerini we binalary doly weýran edýändigini aýtmak bilen, örän rehimsiz syýasatlary ulanýandygyny aýtdy.

7-nji oktýabrda we Gazadaky genosid söweşiniň başlanyndan bir ýyl geçýän mahaly, Ysraýylyň basyp alyjy goşuny Beýt Hanoun, Jabaliýa we Beýt Lahia şäherleriniň ýaşaýjylaryny zor bilen günorta tarap göçürip başlady, Habar beriş serişdeleri muny "generallaryň meýilnamasynyň" gizlin durmuşa geçirilmegi hökmünde häsiýetlendirdiler.

4-nji sentýabrda ýewreý web sahypasy "Waý Net" tarapyndan açylan "Generallar meýilnamasy", Netsarim geçelgesiniň demirgazygyndaky ähli ýerleri (Gaza zolagynyň merkezinde) ýapyk harby zona öwürmegi maksat edinýär.