Nov 09, 2020 22:12 Asia/Ashgabat
  • Başar al-Assad: Terrorçylyk we Siriýa garşy sanksiýalar bosgunlaryň gaýdyp gelmeginiň öňüni alýar

Siriýanyň prezidenti terrorçylyk, sanksiýalar we gabaw siriýaly bosgunlaryň öz ýurtlaryna dolanmagy üçin iň uly päsgelçilik diýip atlandyrdy.

Al-Maýadin tele kanalynyň habaryna görä, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad duşenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen geçirilen wideo konferensiýada bosgunlaryň köpüsiniň Siriýa dolanmak isleýändigini ýöne terrorçylyk, sanksiýalar we gabaw bu ugurda esasy päsgelçilikdigini aýtdy.

Siriýanyň prezidenti bosgunlar barada konferensiýanyň zerurdygyny we bu meseläniň düýpden çözülmelidigini we hökümetiň ileri tutýan ilkinji meselesiniň bosgunlaryň Siriýa gaýdyp gelmeginiň möhümdigini aýtdy.

Başar al-Assad bosgunlar baradaky konferensiýanyň siriýaly bosgunlaryň meselelerini çözmegiň başlangyjy bolup biljekdigini aýtmak bilen Siriýanyň hökümetiniň Siriýanyň raýatlarynyň dolanyp gelmegi üçin gerek şertleri döredip bilmegi üçin rehimsiz we bikanun gabawyň bes edilmelidigini aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin wideo konferensiýasynda beren interwýusynda Orsýetiň bosgunlar baradaky halkara konferensiýasyny goldaýandygyny we Siriýada gumanitar betbagtçylygyň geriminiň ýokary bolmagy sebäpli ýygnakda uly delegasiýa döredjekdigini aýtdy.

Putin şu wagta çenli Siriýa takmynan 850,000 bosgunyň gaýdyp gelendigini we has köp bosgunyň meýletin gaýdyp gelmegi üçin tagallalaryň edilýändigini, we Orsýetiň Siriýa krizisini çözmek üçin ähli tagallalary edýändigini aýtdy.

 

Tags