Saud Arabystanynyň koalisiýasynyň Ýeneme garşy hüjümleriniň dowamy
(last modified Sat, 03 Jul 2021 15:07:11 GMT )
Jul 03, 2021 20:07 Asia/Ashgabat
  • Saud Arabystanynyň koalisiýasynyň Ýeneme garşy hüjümleriniň dowamy

Ýemeniň demirgazygyndaky Saada welaýatyna Saud Arabystanynyň koalisiýasynyň artilleriýa hüjümi 92 adamyň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp boldy.

Saud Arabystanynyň koalisiýasynyň Ýemene garşy söweşiniň 76-njy aýy tamamlanýar. Geçen aýda Ýemene garşy söweşiň gündelik hüjümleri togtatmak ýa-da azaltmak ugrunda hereket etmegine garaşylýardy, emma hüjümleriň intensiwligi esasanam ýurduň demirgazyk böleginde ýokarlandy. Diňe penşenbe we anna günleri (1-nji we 2-nji iýul-da) artilleriýa hüjümlerinde 100 parahat ilat öldürildi we ýaralandy. Düýn agşam (2-nji iýul-da) Saada welaýatynyň Manbeh şäherindäki Al-Rakka sebitinde Saud Arabystanyň hüjümçi koalisiýasynyň artilleriýa hüjüminde azyndan 12 adam ölüp, 80 adam ýaralandy. Şeýle hem Saud Arabystanyň koalisiýasy penşenbe güni Al-Rakka sebitini raketa we artilleriýa bilen nyşana aldy, iki ýemenli öldi, alty adam ýaralandy.

Bu hüjümler Saud Arabystanyň koalisiýasynyň Ýemeni gabamagyny dowam etdirýän mahaly boldy. Ýemeniň Transport ministri Amer al-Marani, rugsadyň bardygyna garamazdan, Al-Hudäýdeh portuna girmegini gadagan etmek jynsparazlyk hereketidir ,diýdi. Ýemeniň gabawynyň dowam etmegi we dermanlaryň ýetmezçiligi sebäpli millionlarça syrkaw çaga köpçülikleýin ölüm howpuna duçar bolýar.  

Indi sorag, hüjümleriň täze tapgyryň sebäpleri we syýasy gepleşikleriň netijesizligi näme?

Birinji faktor, Saud Arabystany bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öz şertleri boýunça gepleşik geçirmek we diňe harby hüjümleri duruzmakdy. Bu aralykda, Ansar al-Islam we onuň ýaranlaryny öz içine alýan Ýemeniň Milli Halas ediş Hökümeti hüjümleri duruzmakdan we gabawy bes etmekden başga-da basyp alyjy güýçleriň Ýemenden çykarylmagyny isledi. Saud Arabystany 20-nji asyryň ilkinji onýyllyklarynda bolşy ýaly alty ýyllyk uruş döwründe Ýemeniň möhüm ýerlerini eýelemäge synanyşandyklary üçin Ýemeni terk etmäge garşy çykýar we ýurduň geografiýasynyň bir bölegini Saud Arabystanyna goşýar.

Hüjümleriň dowam etmeginde ikinji faktor ABŞ-nyň Saud Arabystanynyň bu hereketini goramagydyr. Döredilen ilkinji iki aýynda Baýden hökümeti Saud Arabystanynyň Ýemene garşy söweşiniň dowam etmegini tankytlady we hatda bu söweşde Saud Arabystanyna berýän goldawyny bes etjekdigini mälim etdi. Şeýle-de bolsa, soňky aýlarda Baýden hökümeti Saud Arabystanynyň Ýemene garşy koalisiýasy bilen has ýakynlaşdy. Şunuň bilen baglylykda ABŞ-nyň Adalat ministrligi 22-nji iýunda duşmançylykly hereketde, Kitaep Hizbullah atly Yragyň resmi web sahypasyny, Al-Mälumah habar gullugyny we Yrak Kaf Media, Al-Alem, Al-Masira Ýemen, garşydaş ulgamlar we habar beriş serişdeleri ýapdy .Bu habar beriş serişdeleri Saud Arabystanynyň koalisiýasynyň Ýeneme garşy hüjümlerini yglan etýärdiler.

Üçünji faktor, hüjümleriň dowam etmegi, sebäbi Ýemendäki ýaramaz gumanitar ýagdaý baradaky duýduryşlar hüjümleriň öňüni almak üçin amaly çärä öwrülmedi.  

 

Tags