Jul 08, 2021 22:25 Asia/Ashgabat
  • Gaitiniň Döwlet baştutanynyň janyna kast eden adamlar öldürildi

Gaitiniň Prezidenti Howenel Moýzyň janyna kast eden adamlara garşy geçirilen operasiýada 4 adam öldürildi, 2 adam göz tussaglygyna alyndy

Gaitiniň howpsuzlyk güýçleri, Howenel Moýzy öldüren adamlary tussag etmek maksady bilen ýurtda giň gerimli operasiýa başlatdy. 

Resmiler polisiýa işgärleriniň ýerleri anyklanan şübhe astyndaky adamlara garşy geçiren operasiýasynda 4 adamyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini, 2 adamyň bolsa göz tussaglygyna alynandygyny mälim etdiler. 

Gaitiniň Premýer ministri Klod Žozef hüjümçileriň daşary ýurtly hakyna tutma esgerlerdigini, iňlis we ispan dillerinde gürleşýändiklerini habar berdi. 

Beýleki tarapdan geçirilen derňewe görä Gaitiniň Prezidenti Howenel Moýzyň janyna kast edilen mahaly oňa 12 okyň degendigi mälim edildi. 

Gaitiniň 53 ýaşyndaky Döwlet baştutany Howenel Moýz öýünde ýaragly adamlar tarapyndan guralan hüjümde ýogalypdy, aýaly Martina Moýz bolsa ýaralanypdy. Martina Moýzyň ABŞ-nyň Maýami şäherine geçirilendigi aýan edildi. Sebitiň metbugatynda berilen habarlara görä, saglyk ýagdaýy agyr bolan Martina Moýz tiz kömek uçary bilen ABŞ-nyň demirgazygyndaky Ford lauderdale howa menziline alynyp gidileninden soň, Maýamidäki Baptist hassahanasyna geçildi. 

Gaitiniň Döwlet baştutany Howenel Moýz öýünde janyna kast edilmeginden soň, ýurdyň Premýer ministri Klod Žozef ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan edipdi. 

Beýleki tarapdan Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň aýaly Emine Erdogan, Gaitiniň Döwlet baştutany Howenel Moýz bilen bagly özüniň sosial media hasabyndan gynanç ýüzlenmesini paýlaşdy. 

Emine Erdogan: "Golaýda duşuşyk geçiren Gaitiniň Döwlet baştutany Howenel Moýzyň janyna kast edilmegi netijesinde ýogalandygy we hormatly aýaly Martina Moýzyň agyr ýaralanandygy baradaky habary uly gynanç bilen aldyk. Gaitiniň halkyna gynanç bildirýärin, Martina Moýza bolsa gynanç we şypa dileýärin" diýip belledi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi hem Gaitiniň Döwlet baştutany Howenel Moýza garşy guralan hüjümi berk ýagdaýda ýazgarypdy, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bolsa gynanç ýüzlenmesini çap edipdi. 

 

 

Tags