Aşraf Gani: 5000 talyban tussagynyň boşadylmagy ýalňyşlykdy
Owganystanyň prezidenti Kabula raketa hüjümlerini ýazgarmak bilen, 5000 töweregi Talyban tussagynyň boşadylmagyny nädogry diýip atlandyrdy.
Owganystanyň Şafakna habarlar gullugynyň habar bermegine görä, "Muhammet Aşraf Gani" şu gün (sişenbe) Gurban baýramy namazynda eden çykyşynda: Talyban topary geçen ýyl Doha duşuşygyndan we olaryň 5000-siniň türmeden boşadylmagyndan soň Talyban özleriniň parahatçylyk üçin niýetleriniň ýokdygyny subut etdi diýdi.
Owgan prezidenti halkara jemgyýetçiliginiň Talybana ynanmaly däldigini hem aýtdy.
Şeýle hem Aşraf Gani Kabula raketa hüjümlerini ýazgarmak bilen Talyban toparynyň söweşmegi we öldürmegi bes etmejekdigini aýtdy.
Şu gün irden Gurban baýramy namazy wagtynda üç raketa Kabulyň dürli ýerlerine atyldy.Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar ýa-da şahs öz üstüne almady.
Bu gün Owganystandan aýry Türkmenistan,Gazagystan we Özbegistan ýurtlarynda hem Gurban baýramydyr.