Sep 01, 2021 22:41 Asia/Ashgabat
  • Putin: ABŞ-nyň Owganystanda 20 ýyl bolmagynyň netijesi ýeňliş we betbagtçylyk

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystana öz standartlaryny girizmek üçin 20 ýyl bäri synanyşandygyny, ýöne netijäniň diňe ýeňliş we betbagtçylykdygyny aýtdy.

"Nowosti" habar gullugynyň habaryna görä, Orsýetiň prezidenti şu gün (çarşenbe) bu ýurduň Dalny Wastok sebitine (Uzak Gündogara) sapary wagtynda we Bilim güni (1-nji sentýabr we bu ýurtda okuw ýylyň başlangyjy) mynasybetli talyplar toparynyň öňünde çykyş edip: Owganlaryň Taryhyna, medeniýetine we däp-dessurlaryna garamazdan Amerikanyň öz ülňülerini owgan halkyna girizmek üçin 20 ýyllap eden tagallalary olara ýeňliş we bu ýurduň halkyna betbagtçylyk getirdi diýdi.

Orsýetiň prezidenti Owganystanda bolup geçen wakalaryň sebäbi barada gürrüň gozgap bir ýurt başga bir ýurda kömek etmek isleýän bolsa, muny zor bilen däl-de, medeniyetli görnüşde etmelidir diýip nygtady.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden duşenbe güni ABŞ-nyň we ýaranlarynyň Owganystandaky 20 ýyllyk işiniň gutarandygyny habar berdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we onuň ýaranlary bir ýagdaýda Owganystandan çykandyrlar welin bu goşun çekmek terrorçylygyň, söweşiň, zorlugyň, durnuksyzlygyň we on müňlerçe adamyň öldürilmeginden başga hiç hilli netijesi bolan däldir.

Tags