Saud Arabystanynyň Liwanyň Maglumat ministriniň sözlerine gaharly we passiw reaksiýasy
(last modified Sat, 30 Oct 2021 21:03:34 GMT )
Oct 31, 2021 02:03 Asia/Ashgabat
  •  Saud Arabystanynyň Liwanyň Maglumat ministriniň sözlerine gaharly we passiw reaksiýasy

Saud Arabystany Liwanyň maglumat ministri Jorj Kardahiniň Saud Arabystanyny we BAE-ni Ýemene hüjüm edendigini tankytlaýan sözlerine jogap edip, öz ilçisini Beýrutdan çagyryp, Liwan ilçisinden Riýaddan gitmegini isledi.

Saud Arabystanynyň kararyndan soň, Riýadyň syýasatlaryny ýöredýän we garaşsyzlygy ýok diýen ýaly Al-Halifa režimi hem şeýle karary berdi.
Şu günler Saud Arabystany 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri  Ýemene garşy oýlanyşyksyz çozuşyny edipdur we bu kynçylykdan çykmagyň ýoly ýok. Saud Arabystanynyň tankyt edilmegine we passiw reaksiýalaryna näme üçin gaharlanýandygy barada birnäçe bellik bar.
Saud Arabystanyndan şeýle passiw reaksiýalaryň ilkinji sebäbi Saud Arabystanynyň Ýemene garşy agressiýasy bilen duzaga düşmegidir. Riýadyň yglan edmegine görä agressiýa bir hepdäniň içinde tamamlar we gaçgak we işden aýrylan Abde Rabbeh Mansour Hadini  Sana gaýdyp getirjekdi, Saudylar ýöne öz çozuşlarynna batyp ýedi ýyl bäri şeýle gapma-garşylykda masgara bolup gelýär.
Şeýlelik bilen, Saud Arabystanynyň  passiw reaksiýasy güýç däl-de, ejizlik we ukypsyzlyk ýagdaýyndan gelýär.
Saud Arabystanynyň şeýle däli gaharlanmagynyň ikinji sebäbi onuň Liwandaky syýasatlarynyň şowsuzlygydyr. Adatça Liwan Saud Arabystanynyň hereket sahnasynyň biridi. Riýad Liwanda üýtgeşmeler girizip, hakykatda ýurdy durnuksyzlaşdyryp, "Samir Jäjä" tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän "Liwan güýçleri partiýasy" ýaly  hakyna tutma bilen ýurtda jedeller we tolgunyşyklar döredip, täsir galdyrmaga synanyşýar. Netijede, esasanam Eýran Yslam Respublikasyna garşy sebitdäki pozisiýasyny berkitmek üçin bu ýurtdaky wakalardan we ondaky ornundan peýdalanmakdyr. Şonuň üçin Jorj Kardahiniň soňky sözleri ýurdy durnuksyzlaşdyrmak üçin bahana hökmünde ulanyldy.
Saud Arabystanynyň we Bahreýn ýaly oňa degişli režimleriň gaharlanmagynyň üçünji sebäbi, Jorj Kardahiniň hristian bolmagy, Kardahiniň sözleri aslynda Saud Arabystanynyň pozisiýasynyň ölçegi we Riýadyň hristianlar arasynda alyp barýan syýasatlaryny ýigrenmekdir. 
Dördünji sebäp, Saud Arabystanynyň bu meselede jedel döredip, jemgyýetçilik pikirini beýleki meselelerden sowmaga synanyşmagydyr.  
Munuň bäşinji sebäbi Ýemendäki wakalardan ýene gözlenmeli. Şu günler Ýemen Halk Komitetiniň goşuny we güýçleri käbir sebitlerde, esasanam Märib welaýatynda söweş meýdanynda uly üstünlikler gazandy we möhüm ýeňişler gazandy. Saud Arabystany Liwan ministriniň aýdanlaryna ünsi çekmek we jedel döretmek arkaly içerki we sebitleýin jemgyýetçilik pikirini Ýemenden sowmaga synanyşýar. 
 

Tags