Jan 19, 2018 22:55 Asia/Ashgabat
  • Nazarbaýew:ýadro ylalaşygy dowam etdirilmelidir

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ýadro ylalaşygyny näçe taraplaýyn diplomatiýa üstünligi hasaplap ýadro ylalaşygyň dowam etdirilmelidigini nygtady.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Birleşen Milletler Guramasynyň howpsyzlyk geňeşiniň döwürleýin başlygy bolan Gazagystanyň döwlet baş tutany Nursoltan Nazarbaýew penşenbe güni gyryş ýaraglaryň ýaýbaňlaşmagyny gadagan etmek boýunça bu geňeşde geçirilen maslahatda eden çykyşynda ýadro ylalaşygyna gol çeken bütin taraplardan bu ylalaşygy goramak ugurda tagalla etmeklerini isledi.

Gazagystanyň prezidenti Nazarbaýew soňky günlerde Amerikanyň prezidenti Donald Traump bilen geçiren duşuşygynda bu mesele barada gürrüň edenligini aýtdy.

aglaba ýurtlaryň we halkara guramalaryň resmileri şol sanda BMG-niň baş sekretary Antonio Gütrreş we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrof bu maslahatda ýadro ylalaşygyny goldandyrlar.

Eýran bilen 5+1 ýurtlary arasynda hasyl bolan ýadro ylalaşygy 2016-nji ýylyň Ýanwaryndan ýerine ýetirilip başlandy emma Amerika döwleti ýaňky toparyň bir agzasy höküminde elmydam ýadro ylalaşygy amala aşyrmakda ähdiýalanlyk edýändir.

Tags