Saud Arabystanynyň harby býudjetiniň azadylmagy
(last modified Thu, 16 Dec 2021 05:33:22 GMT )
Dec 16, 2021 10:33 Asia/Ashgabat
  • Saud Arabystanynyň harby býudjetiniň azadylmagy

Habarlara görä,Saud Arabystanynyň ,2022-nji ýyldaky býudjetini tassyklamagy bilen indiki ýylky harby býudjetini öňki ýyl bilen deňeşdirilende 10% azaldandygy mälim bolýar.

Habarlara görä,Saud Arabystanynyň ,2022-nji ýyldaky býudjetini tassyklamagy bilen indiki ýylky harby býudjetini öňki ýyl bilen deňeşdirilende 10% azaldandygy mälim bolýar.
Saud Arabystanynyň býudjet baradaky beýanynda hökümetiň harby pudaga 171 milliard rial (2,4 milliard dollar) haslandygy we 190 milliard riallyk häzirki (2021) býudjetinden 10 göterim azalandygy aýdylýar. Esasan, Saud Arabystanynyň harby býudjeti barada aýdanymyzda, Günbatar ýurtlaryndan, esasanam ABŞ-dan harby ýarag satyn almak üçin Saud Arabystanynyň býudjetiniň mukdaryny göz öňünde tutýarys, sebäbi ýurduň özi ýarag ýa-da harby enjamlary gurmak ýa-da öndürmek ukybyna eýe däldir. 
Saud Arabystanynyň agyr ýarag satyn almakdaky esasy maksady, Günbatar güýçlerine bil baglap, ýurtda öz dolandyryşyny saklamaga synanyşmakdyr. ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trump ABŞ-nyň goldawy bolmazdan Saud Arabystanynyň hükümetiniň dowam tapyp bilmejekdigini ençeme gezek aýdypdy. 
 Saud Arabystany, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň buýrugy bilen altyn we dollar harçlamaly we özüniň goranylmagy üçin ABŞ-na bahasyny tölemeli diýip Tramp propaganda çykyşlarynyň birinde aýdypdy.
Trump prezidentlik döwründe Saud Arabystanyň resmileri bilen 450 milliard dollarlyk söwda-harby şertnama baglaşdy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary diňe 2015-nji we 2021-nji ýyllar aralygynda Saud Arabystanyna 64 milliard dollarlyk ýarag we harby enjamlary satdy. Şonuň üçin Saud Arabystanynyň soňky ýyllardaky agyr ýarag şertnamalaryny göz öňünde tutup, bu ýurt harby býudjetini azaltmak üçin uly alada edýär we bu ykdysady meseleleriň alamatydyr we hatda syýasy çemeleşmeleriniň üýtgemegidir.
Riýad soňky ýyllarda esasan nebitiň bahasynyň üýtgemegi, ykdysady krizis we korona wirusynyň ýaýramagy sebäpli býudjet defisitine duçar boldy, ýöne ýurduň ykdysadyýetini peselmege sezewar eden esasy sebäpleriň biri Ýemene garşy söweşidir . Bu söweşde Saud Arabystany, ýalňyş hasaplamak bilen, bu agressiýany ýedi ýyla golaý wagt bäri abraýly bilen gutaryp bilmedi.
 

Tags