Talyban resmisi Owganystandaky şaýylaryň we sünnüleriň agzybirligini nygtady
Talybanyň uly agzasy bu ýurduň şaýy we sünni jemagatlarynyň arasyndaky jebislige ünsi çekip olary bir guramanyň we bir peýkeriň agzalary hasaplady.
Talybanyň wagtlaýyn kabinetiniň başlygynyň orunbasary Abdulsalam Hanafi, Mazar-e-Şerifdäki şaýy metjidine edilen hüjümde şehit bolanlaryň maşgalalary bilen duşuşygynda metjitlere edilen hüjümiň Yslam dininde jaýynyň ýokdugyny aýtmak bilen "Biziň hemmämiz bir bedeniň agzasydyrys we şaýylar, sünnüler, puştunlar, täjikler, özbekler we türkmenler arasynda agzalalyk ýokdyr diýdi".
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Hanafi Owganystanyň dürli welaýatlarynda bolup geçen soňky hüjümlere salgylanyp: "Soňky günlerde metjitlerde, namaz okalýan ýerlerde, ybadathanalarda, dini mekteplerde, jaýlarda we içerki bazarlarda bolup geçen terrorçylykly hüjümler Yslam dininiň çäginde ýokdyr diýdi".
Hanafi ozal Owganystandaky şaýylar bilen sünnüleriň arasynda hiç hili diskriminasiýanyň ýokdugyny we Talybanyň hiç kime dini düşünişmezlik döretmegine rugsat bermeýändigini aýdypdy.
Geçen penşenbe güni Mazar-e-Şerifdäki şaýy metjidine edilen terrorçylykly hüjümde 100-den gowrak ybadatçy şehit edildi ýa-da ýaralandy.
Terrorçy DAEŞ topary bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.