Paşinýanyň Tährana sapary
(last modified Wed, 02 Nov 2022 07:22:56 GMT )
Nov 02, 2022 12:22 Asia/Ashgabat
  • Paşinýanyň Tährana sapary

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň Tährana sapary; Eýran bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň ösüş ýolundadyr.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ermenistanyň premýer-ministri bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Ermenistanyň premýer-ministriniň Tährana saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary gowulaşdyrmakda öwrülişik nokat boljakdygyny aýtdy.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan sişenbe güni syýasy we ykdysady wekiliýetiň başynda Tährana geldi we Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Räisi bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy. Bu, Paşinýanyň Seýid Ebrahim Räisiniň prezidentlige etmeginiň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşmagyndan soň Tährana ikinji saparydyr.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, soňky aýlarda Tähran-Ýerewan söwda gatnaşyklarynyň 43% ösendigini belläp, Gepleşiklerimizde iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň we söwda alyş-çalyşlarynyň derejesini 3 milliard dollara ýetirmegi maksat edindik, bu maksat iki ýurduň häkimiýetleriniň islegi bilen has mümkindir diýdi.

Ermenistanyň premýer-ministriniň Eýrana edýän saparynyň çäginde iki ýurduň resmileri energiýa pudagyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek memorandumyna gol çekip, iki ýurduň arasynda gaz we elektrik alyş-çalşygyny 2031-nji ýyla çenli uzaltmak barada ylalaşdylar.

Geosyýasy we goňşuçylyk pikirleri sebäpli Eýran bilen Ermenistan gatnaşyklary giňeltmek we Günorta Kawkazda parahatçylygy ornaşdyrmak maksady bilen geçen ýylda diplomatik gepleşikleri gün tertibine girizdi. Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahýanyň geçen hepde Ýerewana eden sapary we Ermenistanyň premýer-ministriniň şu gün Eýrana eden sapary bu diplomatik tagallalaryň we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine ünsi jemleýär.

Bu iki ýurdyň takmynan 35 kilometre barabar umumy araçägi bardyr, bu araçäg,Eýrany, Ýewraziýa sebitine we Ýewropa birikdirip bilýär.

Günortadaky Eýran Yslam Respublikasynyň portlary, esasanam Çabahar porty, Ermenistan bilen beýleki ýurtlaryň arasynda söwda alyş-çalyşlaryny amala aşyrmak üçin amatly mümkinçiliklere eýedir we bu ýurduň ýolbaşçylary hem bu porty öz söwdalarynda ulanmak isleýärler; Ermenistan Respublikasynyň Eýrandaky ilçisi Arsen Awakýanyň pikiriçe, Çabahar porty, Eýran, Ermenistan we Hindistan üç ýurduň arasynda aragatnaşygy ösdürip biler. Eýran bilen Ermenistanyň arasynda täze geçiş ýolunyň durmuşa geçirilmegi diňe bir ikitaraplaýyn funksiýalara däl, eýsem Demirgazyk-Günorta koridorynyň çäginde sebitleýin we halkara wezipelere hem eýe bolar.

 

 

 

Tags