Saud Arabystanyň Daşary işler ministriniň täze beýany
(last modified Thu, 09 Mar 2023 10:47:52 GMT )
Mar 09, 2023 15:47 Asia/Ashgabat
  • Saud Arabystanyň Daşary işler ministriniň täze beýany

Faýsal bin Farhan; öz ýurdunyň Siriýada ýeňilendigini we BAE bilen dawaly dygyny boýun aldy.

Saud Arabystanyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan; öz ýurdunyň Siriýada ýeňilendigini we BAE bilen dawaly dygyny boýun aldy.  

  Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan bu ýurduň Al-Arabyýa tele ulgamy bilen söhbetdeşlikde Siriýadaky ýeňlişi we BAE bilen bolan dawany  kabul etdi.

Saud Arabystanynyň daşary syýasata çemeleşmesi soňky iki ýylda bolup geçen üýtgeşmeler bilen utgaşdy. Muhammet bin Salman 2015-nji ýylda häkimiýete gelenden soň, Saud Arabystanynyň sebit syýasaty agressiw boldy. Bin Salmanyň agressiw sebit syýasaty bilen Saud Arabystanyny ilkinji sebit güýjüne öwrüp biljekdigini öýtýärdi. Ol Şundan ugur alyp, Ýemene hüjüm etdi, Katar we Eýran bilen gatnaşyklaryny kesdi, Saud Arabystanynyň Türkiýe bilen gatnaşyklary hem dartgynly bolupdy.

Bin Salman 6 ýyldan soň agressiw sebit syýasatynyň sebit güýçleriniň we aktýorlaryň Saud Arabystanyna garşy çykmaklarya sebäp boljakdygyna düşündi. Şonuň üçin Saud Arabystanyň sebit syýasatynda üýtgeşmeler gün tertibine girizildi we Riýad sebit ýurtlary bilen ylalaşyga geldi. Katar we Türkiýe bilen gatnaşyklar dikeldildi, Eýran bilen gatnaşyklary dikeltmek üçin gepleşikler başlandy we Siriýanyň kanuny döwletiniň agdarylmagy hem gün tertibinden aýryldy. Saud Arabystany BAE ýaly Siriýa bilen gatnaşyklaryny dikeltmese-de, Damask döwletiniň üýtgetmezligini kabul etdi.

Golaýda "Ekonomist" analitik-habar žurnaly Saud Arabystanynyň sebit partiýalaryna bolan daşary syýasatynyň üýtgemegi barada hasabat çap etdi we şeýle ýazdy: Riýad sebit ýurtlary bilen duşmançylyk strategiýasyndan ýüz öwürdi . Mysal üçin, Siriýada we Ýemende barlyşyk strategiýasy bar. Adatça ýeňlişi kabul etmek kyn, ýöne Saud Arabystanyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhanyň aýdanlary, Riýadyň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada garşy alyp barýan syýasatlarynyň şowsuzdygyny görkezýär.

 

 

 

Tags