Putin Günbatar tarapyndan Ukraina F-16 söweşijileriniň iberilmegini tankytlady
(last modified Tue, 12 Sep 2023 12:30:30 GMT )
Sep 12, 2023 17:30 Asia/Ashgabat
  • Putin Günbatar tarapyndan Ukraina F-16 söweşijileriniň iberilmegini tankytlady

Russiýanyň prezidenti, Ukrainadaky söweş bahanasy bilen günbatar ýurtlary tarapyndan F-16 söweş uçarlarynyň bu ýurda iberilmegini tankytlady.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin sişenbe güni ýurduň Uzak Gündogaryndaky Ykdysady forumda eden çykyşynda Günbatar ýurtlary tarapyndan Ukrainadaky söweş bahanasy bilen F-16 söweş uçarlaryny bu ýurda ibermegi diňe söweşi uzaldar diýip yglan etdi.

Ukrainanyň ýaragly güýçleri ýakyn wagtda günbatar ýaranlaryndan F-16 söweş uçarlaryny alarlar diýip, ukrain resmileri ýakynda aýtdylar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý günbatar ýaranlaryna bu ýurtdaky söweş bahanasy bilen Kiýewi Amerikan F-16 uçarlary bilen üpjün etmek üçin köpden bäri basyş edip gelýär emma bu uçarlary üpjün etmek barada entek karar kabul edilmedi.

Rus resmiler we käbir günbatar hünärmenleri we habar beriş serişdeleri Ukrainadaky söweşi Günbatar bilen Russiýanyň arasyndaky proksi söweş diýip häsiýetlendirdiler.

Russiýa günbatar ýaraglaryny Ukraina ibermek diňe bir ذع ýurtdaky konflikti uzaltman, eýsem garaşylmadyk netijelere hem sebäp boljakdygyny birnäçe gezek aýtdy.

Tags