Sep 24, 2023 15:23 Asia/Ashgabat
  • Hytaýyň prezidentiniň Aziýa yklymynda parahatçylygy we jebisligi döretmek üçin sporta berýän ünsi

Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Hytaýyň prezidenti sportuň Aziýada parahatçylygy we jebisligi döretmek üçin ulanylmagyny isledi.

Düýn, şenbe güni Hangžou Aziýa oýunlarynyň 19-njy bäsdeşliginiň açylyş dabarasy bu şäherde geçirildi we möhüm nokatlaryň biri Hytaýyň prezidentiniň bu dabaranyň çäginde eden çykyşy boldy.

“Sports Three” -yň habaryna görä, Hytaýyň prezidenti Si Szinpin bu dabaranyň çäginde sport arkaly parahatçylygy we raýdaşlygy ösdürmäge çagyrdy.

Si Szinpin sözüniň dowamynda, umumy geljegi bolan Aziýa ýurtlary hoşniýetlilik we özara bähbitleri berjaý etmelidirler we sowuk uruş mentalitetini we urşa esaslanýan gapma-garşylygy ret etmeli we Aziýany dünýä parahatçylygynyň binýadyna öwürmeli diýdi.

Hytaýyň prezidenti, adamzadyň görlüp-eşidilmedik global kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyna garamazdan Aziýanyň halkynyň taryhy mümkinçiliklerden peýdalanmalydygyny aýtmak bilen Aziýanyň has giň ösüş ýoluna, açyklyga we umumy integrasiýa ýoluna çykmagy üçin bu kynçylyklara garşy durmak üçin bilelikde işlemelidir diýdi.

Tags