Nov 13, 2023 13:47 Asia/Ashgabat
  • Bakuw fransuz ýaraglaryny Ýerewana ibermegi ýazgardy

Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Fransiýanyň Ermenistana harby enjam ibermek baradaky hereketini ýazgardy.

Ýakynda Ermenistan Fransiýanyň ýarag bölümi bilen üç sany “Grand Master 200” radar ulgamyny, gijeki görüş kameralaryny satyn almak üçin şertnama baglaşdy. Iki ýurduň arasynda "Mistral" gysga aralyga roketa ulgamyny satyn almak üçin başga bir şertnama baglaşyldy.

Düýn Azerbaýjanyň "Trend News" habar gullugy sosial ulgamlardaky suratlara salgylanyp, Fransiýada öndürilen harby enjamlaryň Gürjüstanyň üsti bilen Ermenistana iberilendigini öňe sürdi.

Ikinji Garabag söweşinde Bakuwdan Ýerewan ýeňilenden soň, ermeni häkimiýetleri harby kuwwatyny artdyrmak islediler.

"Fars" habar gullugynyň habaryna görä, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aýhan Hajizadeh, Fransiýanyň Ermenistana "Bastion" köp maksatly sowutly ulaglary ibermek baradaky hereketini ýazgarmak bilen, bu harby enjamlaryň geçirilmegi sebitdäki weýrançylykly hereketleri öňe sürmäge we Ýerewanyň harby güýjüni ýokarlandyrmaga hyzmat edýär diýdi.

Hajizadeh, özüni halkara kanunlarynyň we sebitdäki parahatçylygyň we durnuklylygyň tarapdary hökmünde görkezýän Fransiýanyň bu hereketleriniň, Iki ýurduň arasyndaky özygtyýarlylyga we territorial bitewilige hormat goýmak esasynda alnyp barylýan işler berk sorag astyna alynýar we sebitdäki ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak ugrunda hereket edýär diýdi.

Tags