Ýewropa Bileleşigi Sionist režiminiň Siriýa edýän hüjümlerini haýal etmän togtatmaga çagyrdy
Ýewropa Komissiýasynyň ýokary derejeli metbugat sekretary Sionist režiminiň Damaska garşy howa hüjümine ünsi çekip Ysraýyl režimini Siriýa garşy hüjümlerini derrew togtatmaga çagyrýarys diýdi.
Pars Today- iň habaryna görä, Ýewropa Komissiýasynyň metbugat sekretary Anwar al-Announi Ysraýyl režimini Siriýanyň çägine, esasanam raýat durmuşyna howp salýan we Siriýanyň geçiş prosesine zyýan ýetirýän hüjümleri derrew bes etmäge çagyrdy.
Ýewropa Komissiýasynyň ýokary derejeli metbugat sekretary Siriýanyň geçiş häkimiýetlerini Sweida ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almaga çagyrdy, bu sebit soňky çaknyşyklarda ep-esli ýitgi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antonio Kosta özüniň sosial media hasabynda (öňki Twitter) hatynda, Siriýanyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine hormat goýulmalydyr diýdi.
Norwegiýanyň Daşary işler ministri Espen Barth Eide hem bu wakalara jogap berip, Siriýadaky zorlugyň möwjemegine alada bildirdi we ähli tarapdan saklanmaga çagyrdy.
Emma Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan hem BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Günbatar Aziýadaky ýagdaý barada beren gürrüňlerinde, "Ysraýyl agressiw strategiýasyny diňe bir Palestinde däl, eýsem Liwanda, Siriýada we Eýranda-da durmuşa geçirmäge synanyşýar. Ysraýyl sebitde parahatçylygy we durnuklylygy islemeýär " diýdi.
Kataryň Daşary işler ministrligi hem Sionist režimiň Siriýa garşy agressiýasyny ýazgardy we muny halkara hukugynyň aç-açan bozulmagy diýip atlandyrdy.
Kataryň Daşary işler ministrligi öz beýanatynda bu çozuşlaryň Siriýanyň özygtyýarlylygyny, halkara hukugyny we BMG düzgünnamasyny aç-açan bozýandygyny we sebitiň howpsuzlygyny we durnuklylygyny bozýandygyny aýtdy.