Aug 05, 2018 21:24 Asia/Ashgabat
  • Madoro öz janyna kast edilmegini Amerikadan gördi

Wenezuelanyň prezidenti Nikolas Madoro karakasda gürrüň berip duran mekanynyň ýakynynda uçarmansyz uçarlar arkaly amala aşyrlan terrorçylykly hüjüme gabat geldi emma bu hüjümden sag-aman galdy.

bu hüjümiň yzy bilen Wenezuelanyň prezidenti Nikolas Madoro Wenezuelanyň döwletine garşy sagçyl partiýany, Kolombiýany we Amerikany ýaňky hüjümi meýilleşdirmekde aýyplady.

Wenezuelanyň prezidenti Nikolas Madoro sözüniň dowamynda  geçuirlen birinji derňew işler esasynda terror planynyň Kolombiýada meýilleşdirlenligi belli bolandyr we şu ugurda birnäçe adam hem tutuldy diiýp yglan etdi.

Wenezuelanyň prezidenti Nikolas Madoro ýaňky terrorçylykly hüjümi maliýe taýdan üpjün edenler Amerikanyň Florida ştadynyň günorta gündogaryndadyrlar diýmek bilen Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň terrorçy toparlara garşy göreşmäge ykjam bolmagyny umyt etdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili bahram gasemi madoronyň janyna kast edilmegini ýazgardy.

Tags