Fransiýa senaty: Ýewropa Bbileleşigi Eýrana garşy gadaganlyklaryň garşysynda durmalydyr
(last modified Thu, 01 Nov 2018 16:17:41 GMT )
Nov 01, 2018 21:17 Asia/Ashgabat
  • Fransiýa senaty: Ýewropa Bbileleşigi Eýrana garşy gadaganlyklaryň garşysynda durmalydyr

Fransiýa senatynyň Ýewropa işleri boýunça komissiýasy Eýrana garşy Amerikanyň ikinji gadaganlyklary Ýewropanyň kanuny we ykdysady kuwwatlylygy üçin bir synagdyr we Ýewropa ýurtlary bu meselä berk gaýtawul bermelidirler diýip nygtady.

Fransiýa senatynyň Ýewropa işleri boýunça komissiýasy Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyny we Eýrana garşy täze gadaganlyklary amala aşyrmagyny akyla laýyk gelmeýän hereket hasaplap Ýewropa Bileleşigi ýadro ylalaşygy barada öz aýdanyny etdirjek bolup Amerikanyň tagallasynyň garşysynda bar kuwwaty bilen durmalydyr we Amerikanyň ikinji gadaganlyklarynyň ýadro ylalaşygyna täsir galdyrmagynyň öňüne geçmelidir diiýp nygtady.

bu mesele diňe eýrana degişlidäldir  we Ýewropa Bileleşigi ylaýtada Fransiýa Waşington döwletiniň geljekde Ýewropa Bileleşigi bilen gol çeken ylalaşyklaryny bozmagy barada howatyr edýändir diýip Fransiýa senatynyň Ýewropa işleri boýunça komissiýasy yglan etdi.