Halkara günä geçiş guramasy:halkara köpçüligi Arabystanyň garşysynda dursun
halkara günä geçiş guramasy halkara köpçüligini Arabystanyň adam hukukyna garşy hereketleriniň garşysynda durmaklyga çagyrdy.
şu gün Halkara günä geçiş guramasy bir beýannama boýunça halkara köpçüliginden açyk tärde Arabystanyň adam hukukyna garşy baş goşýan hereketleriniň garşysynda durmagyny we Jamal Haşokçynyň dosýesi barada gowşak durmazlygyny talap etdi.
Arabystanyň boluşy adam hukukyna garşy hereketlerden we bikanun dara asylmalardan dolydyr we bu ýurt meýilleşdirlen şekilinde Ýemende jenaýatlara baş goşýandyr diýip halkara günä geçiş guramanyň beýannamasynyň dowamynda getirilendir.
halkara günä geçiş guramasy şeýle-de Arabystandan herne basymrak Jamal Haşokçynyň jesediniň nirededigini paş etmegini isledi.
Rýad döwletini tankyt edýän žurnalist Jamal Haşokçy bir aýa golaý mundan ozal käbir konsullyk işlerini ýerine ýetirmek üçin Arabystanyň Stambul şäherindäki konsullygyna bardy emma hiç haçan ondan çykmady.
Saud resmileri ilkiden Haşokçynyň öldürilmegini inkär etdiler emma halkara köpçüliginiň basyşlary netijesinde ykrar etmäge mejbur boldylar ýöne hiç kim onuň jogapkärçiligini öz üstüne alýan däldir.