Owganystanyň daşary işler ministri türkmen we üzbek kärdeşleri bilen duşuşdy
(last modified Mon, 14 Jan 2019 15:05:37 GMT )
Jan 14, 2019 20:05 Asia/Ashgabat
  • Owganystanyň daşary işler ministri türkmen we üzbek kärdeşleri bilen duşuşdy

Owganystanyň daşary işler ministri Salahoddin rabbani Üzbek we Türkmen kärdeşleri bilen geçiren duşuşyklarynda ikitaraplaýyn hemde Owganystanyň howpsuzlyk meseleleri barada pikir alyşdy.

şenbe güni merkezi aziýa we hindistan ady bilen Üzbegistanyň Samarkand şäherinde başlanan iki günlik maslahatyň ýanynda Üzbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz kamelow hemde türkem kärdeşi Reşit Meredow  bilen geçiren aýry-aýry duşuşyklarynda ikitaraplaýyn meseleleri hemde owganystanyň özgerişleri barada gürrüň etdi.

Üzbegistanyň daşary işler ministri bu duşuşykda Owganystanyň kynçylyklary diňe Kabul döwleti bilen Taliban toparynyň arasynda gepleşikleriň geçirilmegi bilen çözüljekdir diýip nygtady.

Owganystanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen geçiren duşuşygynda Lajward ýolynyň açylmagy we Owganystanyň harytlarynyň birinji ýükiniň bu ýol üstünligeçirilmegini Owganystan bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde gaty ähmiýetli hasaplady.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow hem bu duşuşykda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda gol çekilen bütin ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyny nygtady.

Meredow şeýle-de Owganystanda owganlaryň alyp barýan ýaraşyk akynyba Aşgabadyň goldaw berýänligini yglan etdi.

Tags