Sep 17, 2019 16:13 Asia/Ashgabat
  • Putin:ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň ýerini tutup biljek zat ýokdyr

Orsýetiniň prezidenti Wladimir Putin öten agşam beren gürrüňlerinde ýene bir gaýtar ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň ähmiýetini aýtmak bilen bu halkara ylalaşygyň goralmagyny isledi.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Orsýetiniň prezidenti Wladimir Putin Ankarada Eýranly we Türkiýeli kärdeşleri bilen geçiren duşuşyklaryndan soň beren gürrüňlerinde ýadro ylalaşygyň iş maslahaty Amerikanyň ondan çykmagyna garamazdan heniz diridir we bu ylalaşygyň ýeri tutup biljek alternatiw ýokdyr diýdi.

Orsýet ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny gorap saklamak we ony doly suratda ýerine ýetirmek üçin bar tagallasyny etjekdir diýip Putin aýtdy.

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp  2018-nji ýylyň 8-nji Maýynda bikanun suratda ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykyp Eýrana garşy mundan ozal ýatyrylan ýadrolyk gadaganlyklary gaýtadan ýol berip başlady.

Trampyň bu işi Amerikanyň içinde we halkara derejesinde gaty ýazgaryldy.

Tags