Jan 19, 2020 16:20 Asia/Ashgabat
  • Ýewropa Bileleşigi Liwiýa harby güýç ýollamaga şert belledi

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň jogapkäri Josep Borrell Libiýa harby güýç ibermekligi bu ýurtda atyşygyň bes edilmegine şertli etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň jogapkäri Josep Borrell düýn Germaniýanyň Şpigel gazetasy bilen söhbetdeş bolanda her haçan Liwiýada atyşyk bes edilse Ýewropa Bileleşigi bu ýurda kömek etmäge we harby güýç ýollamaga taýýardyr diýdi.

Borrel şeýle-de Liwiýa garşy ýarag gadaganlygy barada gürrüň gozgap Ýewropalylar bu meseläni Birleşen Milletler Guramasyna gowşurjakdyr emma hakykatda bu ýurduň ýarag gadaganlygy peýdasyzdyr sebäbi hiç kim bu meseläni kontrol etýän däldir diýip yglan etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň jogapkäri sözüniň dowamynda şu gün Liwiýanyň dartgynlygy barada Berlinde geçiriljek Konferensiýanyň bu ýurtdaky çaknyşýan taraplaryň başlyklaryny atyşygy bes etmek taslamasyny ýerine ýetirmeklige tarap itermegini umyt etdi.

şol bir wagtda Marokkonyň daşary işler ministri Nasyr Abu Rite Berlin konferensiýasyna bu ýurdyň çagyrylmazlygyna tankyt bildirmek bilen Berlin konferensiýasyna çagyrylan ýurtlaryň saýlanyşy sowal döredijidir diýdi.

Liwiýanyň goňşylary bolýan Maruka bilen Tunisiň resmileriniň Berlin konferensiýasyna çagyrylman ýagdaýynda Britaniýa bilen Arap Emirlikleriň resmileri bu konferensiýa gatnaşýandyrlar.

Tags