Oct 22, 2020 22:31 Asia/Ashgabat
  • Putin: Dünýäniň tertibi üýtgeýär we Amerikanyň hem bu  kadadan çykma mümkinçiligi ýok

Orsýetiň prezidenti Waşingtonyň Moskwa garşy islendik synanyşygy barada duýduryş berip, dünýädäki beýik güýçleriň gegemoniýa döwrüniň gutarandygyny aýtdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Orsýetiň prezidenti "Wladimir Putin" penşenbe güni bu ýurda garşy her hili hereket barada duýduryş bermek bilen Orsýet özüne garşy islendik çärä garşy çykar diýdi.

Putin sözüniň dowamynda "Dünýä üýtgäp barýar we dünýädäki beýik güýçleriň gegemoniýasy hem gutardy we ABŞ ýaly bir ýurduň hem bu kadadan çykma mümkinçiligi ýokdyr diýip nygtady.

Bütindünýäde ýarag ýaryşyny tankyt eden Orsýetiň prezidenti, eger bu ýarag ýaryşynyň çeni çägi bolmasa dünýäniň geljegi bolmaz diýdi.

Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistanyň Nagorno-Garabag sebitindäki dartgynlyk barada durup geçen Putin: "Orsýetiň Ermenistan we Azerbaýjan bilen gatnaşyklary bar we Nagorno-Garabagda bolup geçýän wakalar betbagtçylykdyr we biz ony soňlamaga synanyşýarys" -diýdi.

Tags