Nasrullahyň, Meniň janyma kast etmek, Ysraýylyň, ABŞ-nyň we Saud Arabystanynyň bilelikdäki islegidir diýmegi
(last modified Tue, 29 Dec 2020 10:10:22 GMT )
Dec 29, 2020 15:10 Asia/Ashgabat
  • Nasrullahyň, Meniň janyma kast etmek, Ysraýylyň, ABŞ-nyň we Saud Arabystanynyň bilelikdäki islegidir diýmegi

Liwandaky Hizbullanyň Baş sekretary Nasrullah, Meniň janyma kast etmek, Ysraýylyň, ABŞ-nyň we Saud Arabystanynyň bilelikdäki islegidir diýdi.

Liwandaky Hizbullanyň Baş sekretary, Hizbullahyň ýolbaşçylaryny we serkerdelerini nyşana almagyň ABŞ bilen Sionist režiminiň bilelikdäki maksadydygyny aýdyp, "Soňky döwürde ozunyň öldürilmegi ähtimallygy barada çeşmelerden duýduryşlar berildi" –diýdip nygtady.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Liwandaky Hizbullanyň baş sekretary "Seyýed Hasan Nasrullah" ýekşenbe güni agşam Al-Maýadin tele ýaýlymynda, özüniň ,Sardar Soleýmaniniň şehit bolmagyndan ozal we soňra , Amerikanyň we Sionist režiminiň tarapyndan nyşana alandygyny aýtdy.Tramp Prezident, saýlawlara täsir etmek üçin şeýle çärelere mätäç bolany üçin, tagallalary güýçlendirdi diýip Hizbullanyň Baş sekretary sözlerine goşdy.

Seyýed Hasan Nasrullah, hatda Saud Arabystanynyň režiminiň hem öz janyna kast edilmegini isleýändigini belläp, sözüniň üstüni ýetirdi: "Saud Arabystanynyň şazadasy Muhammet bin Salman ABŞ-a eden bir sapary wagtynda olardan muny etmegini isledi diýdi.

Seyýed Hasan Nasrullah "Şehit Sardar Soleýmanynň terror jenaýaty diňe bir Amerikalylaryň tarapyndan däl, eýsem Ysraýylyň we Saud Arabystanynyňam jenaýatydyr diýdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary , Şahid Soleýmanyň we Abu Mahdi al-Mohandesiň terror edilmegi bilen çydam okunyň gutarjakdygyna ynamy bardy emma, bu okuň bir ýa-da iki adam bilen çäklenmejekdigine ynanýandygyny Seyýed Hasan Nasrullah aýtdy.

ABŞ-nyň häzirki prezidentiniň ýakyn günlerde çäre görmeginiň ähtimallygy barada Seyýed Hasan Nasrullah esasanam Trump-yň şahsyýetiniň görnüşi sebäpli we aklyndan azaşandygy üçin mümkindigini aýtdy.

 

 

Tags